Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Formula-1” dünýä çempiony Hamiltonyň COVID-19 testi pozitiw netije görkezdi


Lewis Hamilton

“Formula-1” dünýä çempiony Lewis Hamiltonyň COVID-19 testi pozitiw netije görkezdi we ol şu hepdäniň ahyrynda Bahreýnde geçiriljek “Sakhir Grand Prix” ýaryşyna gatnaşmaz diýip, onuň “Mercedes-AMG Petronas F1” topary 1-nji dekabrda yglan etdi.

Geçen hepde Hamiltonda üç gezek test geçirildi we olaryň her biri oňaýsyz netije görkezipdi.

“Ýöne duşenbe güni (30-njy noýabr) irden ol ýeňil alamatlar bilen oýandy... Şonuň üçin Lewis ýene testden geçirildi we bu oňyn netije berdi. Bu netije gaýtadan geçirilen test arkaly tassyklandy” diýip, onuň topary mälim etdi.

35 ýaşyndaky Hamilton Bahreýndäki saglyk düzgünlerine laýyklykda izolýasiýada saklanýar.

“Ýeňil alamatlardan başga, onuň özüni duýuşy gowy we ol sagdyn. Tutuş topar oňa tiz gutulmagy üçin iň gowy arzuwlaryny iberýär" diýlip, toparyň beýanatynda bellenilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG