Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan güýçleri Daglyk-Garabag ylalaşygy boýunça üçünji etraba girdi


Laçyn etraby
Laçyn etraby

Azerbaýjan öz güýçleriniň Laçyn etrabyna girendigini aýdýar. Bu bölüniji Daglyk-Garabag sebiti üstünde tutaşan alty hepdelik urşy togtadan ylalaşygyň bir bölegi hökmünde Ermenistan tarapyndan Azerbaýjana berlen üç etrabyň iň soňkusydyr.

“Şu aýyň başynda Ermenistan, Azerbaýjan we Russiýa tarapyndan gol çekilen şertnama laýyklykda, 1-nji dekabrda Azerbaýjan goşunynyň bölümleri Laçyn regionyna girdi” diýlip, Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ministrlik Azerbaýjanyň baýdagyny galgadyp, ýük awtoulaglarynyň kerwenine ýolbaşçylyk edýän bir tanky görkezýän wideony hem ýaýratdy.

1990-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, Azerbaýjan Ermenistan bilen bolan söweşde Laçyn sebitiniň gözegçiligini ýitiripdi. Laçyn - Ermenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen serhedi we Daglyk-Garabagdaky etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylýan sebitleriň arasyndaky strategiki birleşdiriji sebit hasaplanýar.

Ermenistan üç onýyllyga golaý wagt bäri Ýerewanyň gözegçiliginde bolan Daglyk-Garabag sebitiniň üç etrabyny - Agdamy, Kalbaçary we Laçyny 9-njy noýabrda gol çekilen ylalaşyk esasynda yzyna tabşyrmaga razy boldy. Bu ylalaşyk Daglyk-Garabagda we onuň töwereginde harby hereketleri togtatdy.

Agdam 20-nji noýabrda, Kalbaçar şondan bäş gün soň Azerbaýjanyň gözegçiligine geçirildi.

Ýaraşyk ylalaşygynyň çäginde, geçen aýyň başynda 2000-e golaý rus esgeri Daglyk-Garabaga we onuň töweregindäki sebitlere, şol sanda Laçyn koridorynyň ugruna ýerleşdirildi.

Şeýle-de şertnama taraplary söwda üçin serhetlerini açmagy borçly edýär, ýöne munuň üçin wagt möhletini kesgitlemeýär.

1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygy bilen bes edilen uruşda Azerbaýjan goşuny we asuda azeri raýatlary sebitden çekileli bäri etniki ermeniler öz gatnaşyklaryny Ermenistanyň hemaýaty bilen özleri guramalaşdyrýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG