Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan goşuny Agdam şäherine girýär, ermeniler jaýlaryny otlap gidýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azerbaýjan goşunlary ermeni güýçleri bilen bölünip aýrylan sebit üstünde bolan alty hepdelik söweşden soň, Orsýetiň araçylygy astynda gazanylan parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde, Dagly-Garabag bilen araçäkleşýän etraba girdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 20-nji noýabrda öz bölümleriniň Agdam etrabyna, otuz ýyla golaý Ermenistanyň gözegçiligi astynda bolup, indi Dagly-Garabagyň töwereginde Azerbaýjana berilmeli edilen sebitleriň birine girendigini aýtdy.

"Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti tarapyndan gol çekilen üç taraplaýyn beýannama görä, 20-nji noýabrda Azerbaýjan goşunynyň bölümleri Agdam sebitine girdi" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Azerbaýjan goşunlary ermeni esgerleri we tanklary bu sebitiň çäginden çykanyndan bir gün soň Agdam şäherine girýän mahaly, Ermenistanyň goranmak ministri Dawit Tonoýan işden aýryldy. Tonoýan 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri bu wezipäni eýeleýärdi.

Agdamdaky ermeni obalarynyň ýaşaýjylaryna öýlerini terk etmek üçin birnäçe gün wagt berildi, olar goş-golamlaryny ulaglara ýükläp, jaýlaryny otlamazdan öň öýlerini boşatdylar.

Bu ermenileriň iň soňky göçhä-göçlügidir. Moskwanyň araçylygynda gazanylan parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde Azerbaýjan özüniň öňki territoriýalaryna gözegçiligi gaýtadan ele geçirdi. Parahatçylyk ylalaşygy iki Günorta Kawkaz goňşularynyň arasynda alty hepde dowam eden güýçli söweşleriň soňuna çykdy.

10-njy noýabr ylalaşygy Azerbaýjanyň söweşlerde ele salan territoriýalaryny, şeýle-de ozal ermeni gözegçiliginde bolan daglyk anklawa ýanaşyk sebitleri özünde saklap galmaga rugsat berýär.

Ermeniler Daglyk-Garabagyň gündogarynda ýerleşýän Agdam bilen bir hatarda 25-nji noýabra çenli Kalbajaryň günbatar etraplaryny, 1-nji dekabra çenli Laçini terk etmeli bolarlar. Konfliktiň dowamynda Baku ýene-de dört etraby ele geçirdi.

Ylalaşygyň çäginde Daglyk-Garabagda howpsuzlyga gözegçilik etmek üçin 2 müň töweregi rus parahatçylyk goraýjysy sebite ýerleşdiriler, ýöne sebitiň möhüm ahyrky durumy bilen bagly meseleler nämälimliginde galýar. Rus parahatçylyk goşunlary sebiti gara ýoly arkaly Ermenistana baglaýan strategik Laçin geçelgesine sakçylyk eder.

Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne sebit ilatynyň ep-esli bölegini emele getirýän etniki ermeniler Azerbaýjan dolandyryşyny ret edýärler.

1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygy bilen bes edilen uruşda Azerbaýjan goşuny we asuda azeri raýatlary sebitden çekileli bäri etniki ermeniler öz gatnaşyklaryny Ermenistanyň hemaýaty bilen özleri guramalaşdyrýar.

Daglyk-Garabagyň içinde we töwereginde 27-nji sentýabrda turan we birnäçe hepde dowam eden söweşlerde iki tarapdan hem müňlerçe harby we asuda raýat öldürildi. Azerbaýjan özüniň harby ýitgilerini aýan etmeýär.

10-njy noýabrda parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilenden soň rus prezidenti Wladimir Putin ölümleriň jemi sanynyň, şol sanda asuda raýatdan ölen adamlaryň sanynyň 4 müň adamdan geçendigini aýtdy.,

Söweşde onlarça müň etniki ermeni ýaşaýan ýerlerinden göçürildi. Bu ýagdaý Daglyk-Garabag häkimiýetlerine we Ermenistana ykdysady, sosial we syýasy taýdan basyş etdi.

XS
SM
MD
LG