Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO 'barha beterleşýän Orsýet" howpuny maslahatlaşýar


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg. Berlin, 26-njy awgust, 2020.

Stoltenberg Owganystan barada söz açyp, NATO-nyň parahatçylyk tagallalaryny goldaýandygyny, şol bir wagtda hem terrorçylyga garşy göreşe kömek bermek missiýasyna ygrarly bolup galýandygyny nygtady.


NATO-nyň daşary işler ministrleri 2-nji dekabrda transatlantik bileleşigiň Russiýa we Hytaý sebäpli döreýän kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyndaky içerki reformalary we Owganystandaky ýagdaý baradaky möhüm kararlary ňz içine alýan iki günlük duşuşygy jemledi.

Koronawirus ýaýramasynyň öňüni almak üçin wideo baglanyşygy usulynda geçirilen ýygnakda bileleşigiň täze howp-hatarlara, şol sanda “barha agressiwleşýän Orsýete" we "Hytaýyň ýokary galmagyna" nähili uýgunlaşmalydygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 1-nji dekabrda žurnalistlere ministrleriň Orsýetiň ýaranlygyň töweregindäki "habry kuwwatyny artdyrmagy", şeýle-de Owganystandaky missiýasy barada pikir alşandyklaryny aýtdy.

Günbatar harby bileleşigi, NATO-nyň goranmak ministrleri fewral aýynda duşuşanda, öz missiýasy barada "käbir kyn kararlary kabul etmeli bolar" diýip, ol aýtdy.

Bilermenleriň bileleşigi täzeden nädip gurmalydygy baradaky teklipleri esasynda taýýarlanan 67 sahypalyk hasabatda NATO-nyň Sowuk uruş döwründe diňe bir uly howp bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy, häzir onuň birbada iki sany "ulgamlaýyn garşydaş" - Russiýa we Hytaý bilen, şol bir wagtda hem "dowamly terror howpy" bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Stoltenberg žurnalistler bilen söhbetdeşlikde ministrleriň Russiýanyň özlerine goňşulykdaky ýurtlarda dowam etdirýän "harby gurluşlary we ýarag gözegçiligi” meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Ol NATO-nyň “Russiýanyň durnuksyzlaşdyryjy hereketlerine” garşy durmak üçin öňüni alyş çärelerine uýgunlaşýandygyny, ýöne ministrleriň Russiýa bilen gepleşikleri dowam etdirmek baradaky ylalaşyga gelendiklerini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de olar ýadro ýaraglaryndaky çäklendirmeleri gorap saklamaga, ýaraglara gözegçilik etmegiň has giňişleýin görnüşini işläp düzmäge goldaw bildirdiler, ikitaraplaýyn Täze START şertnamasynyň möhleti gutarmazyndan ozal Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda fewralda geçiriljek gepleşikleri gutladylar.

"Biz ýadro ýaraglarynyň sanyny düzgünleşdirýän ylalaşygyň ýok ýagdaýyna düşmeli däldiris" diýip, ol aýtdy.

Ministrleriň ýygnanyşygy Gürjüstanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri bilen Gara deňiz sebitindäki howpsuzlyk we NATO-nyň bu iki hyzmatdaşyna berýän goldawy baradaky duşuşygy hem öz içine aldy.

Şeýle-de, daşary işler ministrleri dört aýa golaý dowam eden demokratiýa ýörişlerine gaplanan Belarusdaky ýagdaýy, Orsýetiň araçylygy netijesinde Azerbaýjan bilen ermeni güýçleriniň arasynda dowam eden 44 günlük urşuň togtadylmagy bilen, bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitinde emele gelen ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Stoltenberg Owganystan barada söz açyp, NATO-nyň parahatçylyk tagallalaryny goldaýandygyny, şol bir wagtda hem terrorçylyga garşy göreşe kömek bermek missiýasyna ygrarly bolup galýandygyny nygtady.

"Owganystandaky ýagdaýa baha bermegi dowam etdirmek bilen, biziň indiki ýylyň başynda öwrülişik pellesine geljegimiz aýan bolýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

NATO missiýasy Owganystanda galsa, howpsuzlyk bileleşigi has uzak möhletleýin gatnaşyk töwekgelçiligine uçraýar, ýöne ol ýerden çyksa, bu ýurduň gaýtadan halkara terrorçylarynyň mesgenine öwrülmek ähtimallygy bar diýip, Stoltenberg aýtdy.

"Şeýlelikde, ol ýerde has uzak saklanmagyň bahasynyň bolşy ýaly, bu ýurtdan basymrak çykmagyň-da özüne ýeterlik töwekgelligi" bar diýip, ýaranlygyň ýolbaşçysy aýtdy.

Häzirki wagtda NATO-nyň Owganystanda onlarça ýurtdan 11 müň töweregi esgeri bar. Olaryň wezipesi Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine tälim we maslahat bermekden ybarat.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG