Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirusdan ýogalanlaryň sany 1,5 milliondan aşdy


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Baş Assambleýanyň pandemiýa babatda esasan wirtual görnüşde geçirilen ýygnagyna gatnaşan dünýä liderlerine ýüzlendi.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Baş Assambleýanyň pandemiýa babatda esasan wirtual görnüşde geçirilen ýygnagyna gatnaşan dünýä liderlerine ýüzlendi.

3-nji dekabrda, waksinalaryň geljek ýyldan pandemiýanyň soňuna çykyp başlajakdygy baradaky umydyň berkemegi bilen, dünýäde koronawirusdan ýogalanlaryň sany 1,5 milliondan aşsa, wirus ýokuşanlaryň sany 65 milliondan geçdi.

Soňky bir hepdäniň dowamynda dünýäde her gün 10 müňden gowrak täze ölüm hasaba alyndy, ýöne köp hadysa hasapdan daşarda galansoň, bu görkezijiniň pandemiýanyň hakyky gerimini görkezip bilmeýän bolmagy hem mümkin.

BMG-niň ýolbaşçysy pandemiýanyň sosial we ykdysady täsiriniň “örän ýokary bolandygyny we ýene ulalýandygyny”, hiç bir waksinanyň onuň köp ýyla uzajak agyr netijelerini ýok edip bilmejekdigini duýdurdy.

"Bir ýyl töweregi wagt bäri pandemiýa içinde bolup, biz adam pajygasy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, ilatyň saglygy, ynsanperwerlik we ösüş boýunça adatdan daşary ýagdaýy başdan geçirýäris" diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Baş Assambleýanyň pandemiýa babatda esasan wirtual görnüşde geçirilen ýygnagyna gatnaşan dünýä liderlerine ýüzlenip aýtdy.

Dünýä ýurtlarynyň sanjymlary paýlamaga taýynlanmagy bilen, Guterriş sanjymlary “global jemgyýetçilik peýdasy” hasaplamaga hem-de baý ýurtlary waksinanyň dünýäniň iň ejiz we garyp adamlaryna ýetmegini üpjün etmäge çagyrdy.

ABŞ, Ýewropa we başga-da birnäçe ösen ýurt Günbatar tarapyndan döredilen sanjymlary dekabr aýynyň aýagynda, 2021-nji ýylyň ilkinji aýlarynda alyp, çaltlandyrylan görnüşde ulanmaga başlar diýlip garaşylýar.

Emma muňa garamazdan, başda üpjünçilik çäkli bolar we bu ýagdaý her bir ýurduň töwekgelçilik faktorlaryny ileri tutmalydygyny aňladýar.

XS
SM
MD
LG