Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaş çaganyň zamun alynmagy owgan türkmenleriniň arasynda gahar-gazap döretdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynda dokuz ýaşly etniki türkmen Abdyraufyň näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylmagy türkmenleriň arasynda gahar-gazap döretdi.

Bir aý gowrak mundan ozal, Abdyrauf öz deň-duşlary bilen mekdebe barýarka dört-bäş sany şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy. Olar häzirki wagtda ýaş çagany zamun saklaýar, onuň hossarlaryndan 1, 5 million dollar girew soraýar.

Abdyraufyň hossarlary hökümet güýçlerinden öz çagalarynyň halas edilmegini talap edýär. Ýöne güýç edaralary şu wagta çenli maşgalanyň bu talabyny berjaý edip bilmeýär. Bu aralykda, çagany alyp gaçan adamlar onuň hossarlaryna zamun çaganyň wideolaryny ugradyp, girew talaplaryny gaýtalaýarlar.

Bu waka hossarlary we sebitde ýaşaýan etniki türkmenleri köpçülikleýin ynjalykdan gaçyrdy. Etniki türkmenleriň wekilleri soňky jenaýatyň 17-nji çaga ogurlyk wakasydygyny aýdýarlar.

Dekabryň başynda Balh welaýatynyň Mazary Şerif şäherinde türkmenler çaga ogurlyklaryna garşy hökümetden gorag talap edip, köçelere çykdy. Bu çäräni owgan türkmenleriniň jemgyýetçilik guramalary geçirdi..

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady bu wakany ýakyndan yzarlaýar. Ol bu gün Dünýä Türkmenleri gepleşiginde myhmançylykda.

Ýaş çaganyň zamun alynmagy owgan türkmenleriniň arasynda gahar-gazap döretdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG