Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gulnara Karimowa Şweýsar sudunda ýeňiş gazandy. Onuň 350 million dollary yzyna gaýtarylyp biler


Gulnara Karimowa

Özbegistanyň ilkinji prezidenti, merhum Yslam Karimowyň uly gyzy Gulnara Karimowa Şweýsariýada geçirilen kazyýet işinde ýeňiş gazandy. “Bloomberg” neşiriniň maglumatyna görä, bu ýeňiş oňa doňdurylan 350 million dollaryny yzyna almak mümkinçiligini berer.

Şweýsariýanyň Federal şikaýat kazyýeti 3-nji dekabrda Gulnara Karimowanyň Gibraltarda hasaba alnan "Takilant Ltd." kompaniýasynyň kanuny peýdalanyjysydygy baradaky şikaýata goldaw bildirdi. Bu kompaniýanyň serişdeleri 2018-nji ýylda açylan jenaýat işiniň çäginde Şweýsariýanyň bank hasabynda doňdurylyp saklanýar.

"Sud seljerişliginde pozisiýa eýelemek babatdaky fundamental hukugyndan mahrum edip, Federal prokuraturanyň onuň emläklerini konfiskasiýa etjek bolandygy nazara alynsa, bu Gulnara Karimowa üçin möhüm ýeňiş" diýip, şweýsariýaly aklawçy Greguar Manža aýtdy.

Bu kararyň Gulnara Karimowanyň adyndan birnäçe kompaniýa döretmekde, pul serişdeleriniň hakyky eýesiniň merhum prezidentiň gyzydygyny ýaşyrmak maksady bilen resminamalary galplaşdyrmakda, pul ýuwmakda günäli tapylan özbek raýaty B.-niň garşysyna çykarylandygy habar berildi.

Şweýsariýa şu ýylyň sentýabr aýynda Özbegistan bilen çarçuwaly şertnama gol çekdi. Bu şertnama esasynda Gulnara Karimowanyň 2012-nji ýyldan bäri şweýsar banklarynda galan 131 million dollary Özbegistana berler. Bu barada şweýsariýa hökümetiniň habarynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG