Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada töwekgelçilik toparlary üçin COVID-19 sanjymy başlandy


Moskwanyň daşyndaky klinikada bir zenana "Sputnik V" koronawirus sanjymy edilýär. 2020-nji ýylyň 3-nji dekabry.

Moskwada koronawirusa garşy sanjym başlandy.

Şäher poliklinikalarynda “Sputnik V” sanjymyny mugt amala aşyrýan ilkinji nokatlaryň her gün işlejekdigi habar berilýär.

Bilim edaralarynyň, durmuş üpjünçiliginiň we saglygy goraýyş edaralarynyň 18, 60 ýaş aralygyndaky işgärleri, dowamly keselleri bolmasa, sanjym üçin ýazylyp biler. Şäher häkimliginiň habaryna görä, sanjymlar üçin ilkinji bäş sagatda bäş müň adam hasaba alyndy.

Russiýada soňky 24 sagadyň dowamynda 28 782 COVID-19 ýokuşmasy hasaba alyndy. Bu pandemiýanyň başyndan bäri iň ýokary dereje bolup durýar. Bu dertden bir günde 508 adam öldi. Umuman alanyňda, Russiýada koronawirusdan şu wagta çenli 42,5 müňden gowrak näsag öldi.

Hünärmenleriň köpüsi COVID-19-dan ölenleriň sany baradaky resmi maglumatlary sorag astyna alýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG