Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýadaky saýlawlarda sosialistler öňde barýar


Rumyniýanyň oppozision Sosial-demokrat (PSD) partiýasynyň agzalary, Buharest, 6-njy dekabr, 2020
Rumyniýanyň oppozision Sosial-demokrat (PSD) partiýasynyň agzalary, Buharest, 6-njy dekabr, 2020

Deslapky netijelere görä, Rumyniýanyň oppozision Sosial-demokratlary (PSD) ýurduň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Olara koronawirus pandemiýasyna garşy göreşýän dolandyryjy liberallardan nägile saýlawçylaryň sesleri hem goldaw berdi.

6-njy dekabrda geçirilen saýlawlarda berlen sesleriň 99%-niň sanalmagynyň netijesinde çepçi PSD partiýasy Deputatlar palatasynda 29,8%, Senatda 30,2% sese eýe boldy.

Merkezi saýlaw býurosynyň habaryna görä, Ýewropa tarapdar milli liberal partiýasynyň (PNL) Deputatlar palatasynda 25,1%, Senatda 25,5% sesi bar.

Şeýle-de bolsa, PSD-niň täze mejlisde ýaranlary ýetmezçilik eder we PNL-iň öňki lideri prezident Klaus Iohannis, partiýanyň hökümete gaýdyp gelmegine rugsat bermejekdigini aýtdy. Iohannisiň prezidentlik möhleti 2024-nji ýylda gutarýar.

USR-PLUS merkezçi bileleşik Deputatlar palatasynda 14,5%, Senatda 15% ses toplap, üçünji boldy.

Ses berişlik, korrupsiýa dawa-jenjelleri we köpçülikleýin nägilelikler sebäpli PNL partiýasynyň azlykdaky hökümetiniň PSD partiýasynyň hökümetini dargatmagyndan bir ýyldan gowrak wagt geçensoň geçirildi.

Premýer-ministr Lýudowik Orbanyň we prezident Klaus Iohannisiň ýolbaşçylygyndaky liberallar pandemiýa baradaky aladalary köşeşdirip, saýlawçylary köplük bolup ses berişlige barmaga çagyrdylar. Ýöne pandemiýadan gorkup, şeýle-de Rumyniýanyň syýasatçylaryndan lapykeç bolan rumynlaryň saýlawlara gatnaşyk derejesi bary-ýogy 32% barabar boldy.

XS
SM
MD
LG