Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada mugallymy öldüren ýetginjek Çeçenistanda jaýlandy


1Adat telegram kanalynda ýerleşdirilip, Anzorowyň jaýlanyş çäresi diýlip görkezilen wideodan alnan pursat.
1Adat telegram kanalynda ýerleşdirilip, Anzorowyň jaýlanyş çäresi diýlip görkezilen wideodan alnan pursat.

Oktýabr aýynyň ortalarynda Parižiň golaýynda mugallymy öldürip, kellesini kesenden soň, fransuz polisiýasy tarapyndan atylan çeçen ýetginjegi Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Çeçenistanda maşgalasynyň obasynda jaýlandy.

Şalaji obasynyň ähli ýaşaýjylary bolan 200-e golaý adama 18 ýaşly Anzorowyň jaýlanyş çäresine gatnaşmaga ýerli häkimiýetler tarapyndan rugsat berildi. Anzorowyň jesedi Türkiýäniň üsti bilen Çeçenistana eltildi.

Telegram ulgamynyň Baza kanalynda ýerleşdirilen wideoda erkekleriň yslam dogalaryny okaýandyklary we "Köp Hudaý ýok, bir Alla bar, Muhammet onuň ilçisi!" diýip gygyrýanlary görkezildi.

Düzgüne gözegçilik etmek we beýleki sebitlerden gelenleriň jaýlanyş çäresine gatnaşmazlygy üçin obada onlarça polisiýa işgäri ýerleşdirildi.

Fransuz häkimiýetleri Moskwadan gelen bosgun Anzorowyň mugallym Samuel Patini öldürendigini oktýabr aýynda habar berdiler.

47 ýaşly taryh we geografiýa mugallymy, söz azatlygy baradaky sapagyň çäginde Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezenden birnäçe gün soň öldürildi.

Fransiýada soňky ýyllarda yslamçy söweşijiler tarapyndan amala aşyrylan ençeme zorlukly hüjümler boldy. Fransiýa Günbatar Ýewropada iň köp musulman ilatly ýurt. 5 million töweregi musulman ilatly ýurt çeçenleriň ençemesine gaçybatalga berdi.

XS
SM
MD
LG