Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britaniýa COVID-19 waksinalaryny edip başlamaga taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty

Britaniýanyň waksinasiýa başlamagyndan iki gün öň ýurda ABŞ-nyň derman öndürijisi Pfizer we Germaniýanyň BioNTech tarapyndan öndürilen koronawirusa garşy waksina ugradyldy.

8-nji dekabrda waksinasiýa programmasynyň başlanmagy üçin aşa sowuk gaplarda saklanýan sanjymlaryň 800,000 çemesi dozasynyň taýýar bolmagyna garaşylýar.

Waksinasiýa 50-ä golaý saglyk edarasynda ýaşy 80-den geçenleriň we töwekgelçilik astynda işleýän saglyk işgärleriniň arasynda geçiriler.

Britaniýa Pfizer-BioNTech sanjymlarynyň 20 million adama niýetlenen 40 million dozasyny taýýarlady. Waksinalar iki tapgyrlaýyn arasyna 21 gün salnyp ediler.

Ýewropada koronawirusdan ýogalanlaryň sany boýunça birinji ýerde duran Britaniýa 95% netijelilik görkezen Pfizer-BioNTech sanjymyny gyssagly ulanmaga ygtyýar beren ilkinji ýurt boldy. Jon Hopkins uniwersitetiniň habaryna görä, Britaniýada koronawirus sebäpli ölenleriň sany 61000-den aşyp.

Dünýäde hökümetler we saglygy saklaýyş edaralary Britaniýadaky sanjym programmasyna syn ederler. Soňky hepdelerde keselleýänleriň we ölýänleriň gündelik sany köpelýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary waksinasiýany şu aýyň ahyrynda başlamagy umyt edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG