Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ses päsgelçiliginden üstün çykan ilkinji pilot Çak Ýeger 97 ýaşynda aradan çykdy


General Çak Ýeger (çepde)
General Çak Ýeger (çepde)

ABŞ-nyň synagçy-piloty, mundan 70 ýyl gowrak öň ses päsgelçiliginden üstün çykan ilkinji adam Çak Ýeger (Chuck Yeager) 97 ýaşynda aradan çykdy.

“Bu çuňňur gynanç, men size ömrümiň söýgüsi General Çak Ýegeriň agşam sagat 9-dan öň aradan çykandygyny aýtmalydyryn” diýip, onuň aýaly Wiktoriýa Ýeger 7-nji dekabrda paýlaşan twitinde aýtdy. Ol bu barada goşmaça maglumat bermedi.

Ikinji Jahan urşunda söweşiji bolan Ýeger 1947-nji ýylda Bell X-1 gözleg uçaryndaky ses päsgelçiliginden geçip, 13700 metrde sagatda 1225 kilometr tizlige ýetenden soň taryh kitaplaryna girdi.

Şol wagt pilot bary-ýogy 24 ýaşyndady we uçaryň sonik bomba tolkunlaryndan aman galyp biljekdigi ýa-da bilmejekdigi barada hiç kim anyk bir zat bilmeýärdi.

Ýegeriň üstünligi soňra “The Right Stuff” atly kitapda we 1983-nji ýylda şol at bilen çykan filmde ölmez-ýitmez boldy.

XS
SM
MD
LG