Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň ilatyna COVID-19 sanjymynyň ilkinji dozalary bilen sanjym edilip başlandy


2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Kowentri uniwersitet hassahanasynda şepagat uýasy Maý Parsons (sagda) 90 ýaşly Margaret Keenana (çepde) Pfizer we BioNTech kompaniýalary tarapyndan öndürilen COVID-19 sanjymyny edýär.

Britaniýanyň saglygy goraýyş resmileri 8-nji dekabrda, köp garaşylan immunizasiýa programmasynyň çäginde adamlara COVID-19 sanjymynyň ilkinji dozalary bilen sanjym edip başladylar.

Ilkinji sanjym, sişenbe güni irden ýurduň çar künjegindäki hassahanalar ulgamynyň birinde - programmanyň başlangyç tapgyrynyň ýaýbaňlandyrylýan, “V-Day” diýlip atlandyrylýan ýerde - amala aşyryldy.

Pfizer we BioNTech kompaniýalary tarapyndan öndürilen sanjymyň ilkinji 800 müň dozasy bilen, hassahana ýerleşdirilen ýa-da eýýäm lukmançylyk barlagy üçin wagt bellenen 80 ýaşdan uly adamlara we garrylar öýünde işleýänlere sanjym ediler. Kompaniýalar bu sanjymyň COVID-19-a garşy 95 göterim netijelidigini aýdýarlar.

Saglygy goraýyş resmileri programmanyň irki tapgyrynda diňe iň köp howp astyndaky adamlara sanjym ediljekdigini aýdyp, halkdan sabyrly bolmagy soraýarlar. Programmany giňeltmek üçin ýeterlik sanjym bolmandygy sebäpli köp adam indiki ýyla çenli garaşmaly bolar.

Angliýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň baş direktory Simon Stiwens Britaniýada ilata edilýän ilkinji sanjymlaryň “koronawirusa garşy söweşde aýgytly öwrülişik pursady” bolup biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG