Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Ýokary kazyýeti žurnaliste berlen ölüm jezasyny öz güýjünde galdyrdy


Ruhollah Zam
Ruhollah Zam

Eýranyň Ýokary kazyýeti oppozisiýa žurnalisti we aktiwist Ruhollah Zama berlen ölüm jezasyny öz güýjünde galdyrdy. Zamyň Internetdäki işi 2017-nji ýylda tutuş ýurt boýunça ykdysady protestleriň geçirilmegine itergi beripdi.

Kazyýetiň metbugat wekili Golamhossein Esmaili bu barada 8-nji dekabrda yglan etdi. Ol kazyýetiň bu baradaky karary haçan çykarandygyny aýtmady.

Zam şu ýylyň iýun aýynda Eýranyň rewolýusiýa kazyýeti tarapyndan ölüm jezasyna höküm edildi. "Serhetsiz Reportýorlar" (RSF) guramasy bu sud işini "gaty adalatsyz" atlandyrdy.

Ol "Ýerdäki korrupsiýada" günäli tapyldy. Bu aýyplama köplenç içalyçylyk ýa-da Eýranyň hökümetini agdarmak synanyşyklary bilen baglanyşykly sud işlerinde öňe sürülýär.

Zamyň “AmadNews” atly websaýty we Telegramda döreden kanaly adamlara 2017-nji ýyldaky protestleriň wagty barada habar berdi hem-de Eýranyň resmileri barada utandyryjy maglumatlary çap etdi.

Protestler Eýran üçin 2009-njy ýylda geçirilen köpçülikleýin tolgunyşyklardan bäri iň uly durnuksyzlyk boldy we 2019-njy ýylyň noýabr aýynda şuňa meňzeş gozgalaňlaryň geçirilmegine esas döretdi.

XS
SM
MD
LG