Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň Merkezi banky Bitaraplygyň 25-nji ýyldönümi mynasybetli ýadygärlik pullaryny çykardy


Bitaraplygyň 25-nji ýyldönümi mynasybetli dolanyşyga girizilen ýadygärlik pullary.

Türkmenistanyň Merkezi banky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli türkmen manadynyň ýadygärlik banknotlaryny çykardy. Bu barada ýarym resmi Arzuw.News web-saýty habar berýär.

Merkezi bank 1-lik, 5-lik, 10-lyk, 20-lik, 50-lik we 100-lik banknotlaryň ýadygärlik nusgalaryny dolanyşyga girizdi, şeýle-de, 100 manat gymmaty bolan altyn we kümüş ýadygärlik şaý pullaryny ulanmaga berdi.

Täze pullarda Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň nyşany ýerleşdirildi.

12-nji dekabrda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi baýram edýär.

1995-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Bitaraplyk statusyny ykrar etdi. Türkmen hökümeti özüniň bitaraplyk syýasatyny ýurduň daşary syýasatda gazanan iň uly üstünligi hökmünde wagyz edýär.

Bu aralykda, soňky ýyllarda türkmen manadynyň resmi däl hümmeti ep-esli aşaklady. Merkezi bank soňky bäş ýyl bäri bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne gara bazarda onuň alyş-çalyş bahasy resmi kursdan ýedi esse gymmatdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG