Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Türkmenistanda lukmanlar syrkawlaýar, esgerler test edilýär


Döwlet telewideniýesiniň "Altyn Asyr" telekanalynyň gepleşiginden alnan surat. 30-njy noýabr, 2020.

Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynda onlarça işgär her gün kesel bolýar. Azatlyk radiosynyň ýurtdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, keselleýänler gyzzyrma, üsgülewük we dem gysma ýaly alamatlary başdan geçirýärler. Testler köpüsinde COVID-19-yň bardygyny görkezýär. Ýurduň ýolbaşçylary ýurtda COVID-19 hadysalaryň hasaba alynmandygyny aýdýarka, bu "koronawirussyz" ýurtda toý-dabaralar ýatyrylýar, bir ýere ýygnanýan adamlaryň sanyna gözegçilik edilýär, hereket çäklendirilýär, ilata hemme ýere maskaly çykýar.

Azatlygyň habarçylarynyň 10-njy dekabra habar bermegine görä, Türkmenabadyň diňe bir saglyk edarasynda azyndan 30 işgärinde COVID-19 tapylypdyr. Köpugurly klinikanyň näsag işgärleriniň arasynda lukmanlar, şepagat uýalary we hojalyk bölüminiň bir işgäri bar.

Näsaglar köpugurly hassahananyň özünde we şäher ýokanç keseller hassahanasynda bejergi alýarlar.

Şeýle-de, bu regionda köp adamlyk dabaralary bellemek berk çäklendirildi. Hususan-da, Lebap welaýatynda öýde geçirilýän üýşmeleňlere çagyrylanlaryň sany 20 adamdan geçmeli däl. Ýas ýerlerinde nahar bişirmek üçin 3-den gowrak gazany ulanmak gadagan edilýär. Bir otaga diňe 10 adama bir wagtyň içinde girmäge rugsat berilýär. Ýerli ýaşululardan biri gelýänleriň sanyna gözegçilik edýär. Talaby bozanlara 2000 manat möçberine jerime göz öňünde tutulýar.

Sebitde häkimiýetler tarapyndan gurnalýan dabaralar we köpçülikleýin çäreler ýatyryldy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň harby bölümleri esgerleri COVID-19 testinden geçirýär. Azatlygyň çeşmelerine görä, esgerlige alynýanlar ene-atalarynyň hasabyna synag edilýär. Harby gulluga çagyrylanlaryň ene-atalar çagalarynyň testleri üçin 300 manat ibermeli bolýarlar.

Mundan başga-da, esgerleriň ene-atalary çagalaryny maska we rezin ellik bilen öz hasabyna üpjün etmeli. Ene-atalara 50 maska, hersi üçin 4 manatdan we bir gezek ulanylýan ellikleriň 100 jübüti üçin, hersine 2,5 manatda tölemeli edildi. Şeýle hem, her bir esgerde 20 jübüt jorap we iki metrlik ak mata bolmaly. Bu hem ene-atanyň hasabyna.

Esgerlige täze alnan ýigitler harby bölümlerine demirýol we uçar arkaly äkidilýär.

Maryda keseliň ýaýramagy dowam edýär. Koronawirusyň alamatlary ýüze çykanda köp adam hassahanalara gitmezlige synanyşýar we öýde bejergi almagy makul bilýär. Şeýlelikde köpler hassahanalara agyr ýagdaýda düşýärler we olaryň arasynda ölýärler hem bolýar.

Habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, ýerli hassahanalarda adam köp we şu sebäpden ençeme adam hassahana kabul edilmeýär.

Ýurduň häkimiýetleriniň koronawirusyň bardygyny resmi taýdan inkär etmegine garamazdan, ýurtda karantin zolaklary barha giňelýär, köp maşgala öý karantinine mejbury salynýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Marynyň ýokanç keseller hassahanalarynda wirusa garşy dermanlar mugt paýlanýar.

"Griferon", "Arbidol", "Antifiron" ýaly dermanlar garrylar, maýyplar üçin niýetlenýär we çäkli mukdarda üpjün edilýär. Hemmeler üçin ýeterlik däl. Şol bir wagtda-da şol dermanlary pul berip satyn alyp bolýar.

Garaşsyz metbugat çeşmeleriniň Türkmenistanda koronawirus keseliniň ençeme aý bäri ýaýraýandygy, şol sanda saglyk işgärleriniň arasynda ölenleriň sanynyň köpelendigi baradaky habarlaryň fonunda Türkmenistanyň ýolbaşçylary saglyk işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermek kararyny yglan edipdi. Emma türkmen hökümeti keseliň ýaýramagyna garşy göreşýän saglyk işgärlerine sentýabr aýynda wada beren ýeňillikleri henziem tölemedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG