Bütindünýä Azyk programmasynyň başlygy Birleşen milletler guramasynyň Azyk agentliginiň Rimdäki baş edarasynda, uludan tutulan onlaýn dabarasynda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny kabul etdi. Bu dabara, koronawirus pandemiýasy sebäpli, onlaýn görnüşinde geçirildi.
Bütindünýä azyk programmasynyň başlygy Deýwid Beasli bu baýragy 10-njy dekabrda guramanyň adyndan kabul etdi we ony açlyga garşy göreşmek üçin "herekete çagyryş" hökmünde häsiýetlendirdi.
"Uruşlar, howanyň üýtgemegi, açlygyň syýasy we harby ýarag hökmünde giňden ulanylmagy we bularyň hemmesini hasam erbetleşdirýän global saglyk pandemiýasy sebäpli 270 million adam açlyga tarap barýar" diýip, Bütindünýä azyk programmasynyň başlygy aýtdy.
Norwegiýanyň Nobel komiteti kömek gullugyna bu baýragy "açlygyň uruş we konflikt ýaragy hökmünde ulanylmagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalary" üçin berendigini aýtdy.
Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Berit Reiss-Andersen Osloda Bütindünýä azyk programmasynyň "häzirki dünýä zerur bolan halkara hyzmatdaşlygyny we ygrarlylygyny görkezýändigini" aýtdy.
Beasli bu baýraga minnetdarlyk bildirdi, ýöne “adatdan daşary garyplygy ýok etmek boýunça görülýän ägirt uly çärelere” garamazdan, 690 million adamyň aç ýatýandygyny belledi.