Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ hünärmenleri Pfizer/BioNTech sanjymyny tassyklamagy maslahat berýär


Pfizer/BioNTech sanjymynyň ulanylyp başlanmagyna 17 hünärmen goldaw bildirdi.
Pfizer/BioNTech sanjymynyň ulanylyp başlanmagyna 17 hünärmen goldaw bildirdi.

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik edarasynyň (FDA) maslahat topary 10-njy dekabrda ABŞ-nyň “Pfizer” we Germaniýanyň BioNTech kompaniýalarynyň koronawirus sanjymynyň ABŞ-da gyssagly ulanylmagy baradaky haýyşyny tassyklamagy maslahat berdi.

Edaranyň geňeş toparynyň kararyny ýakyn günlerde tassyklamagyna garaşylýar.

Pfizer/BioNTech sanjymynyň ulanylyp başlanmagyna 17 hünärmen goldaw bildirdi, dört hünärmen garşy çykdy, bir hünärmen saklandy.

Pfizer ozal ABŞ-da iki bölekli sanjymyny 16-85 ýaş aralygyndaky adamlar üçin ulanmak barada haýyş bilen ýüz tutupdy. Ilkinji sanjymlar FDA sanjymy tassyklanan badyna, şu dynç günlerinde berlip bilner. Bu köpçülikleýin sanjym kampaniýasynyň başlanmagyna getirer.

Sanjymlary ilkinji bolup saglyk işgärleriniň we garrylar öýleriniň ýaşaýjylarynyň almagy mümkin.

Ýaz paslyna golaý ol bütin ilat üçin elýeterli bolar.

Angliýa şu hepde sanjym kampaniýasyna başlady, Kanada 9-njy dekabrda Pfizer-BioNTech sanjymyny tassyklan ikinji günbatar döwleti boldy.

XS
SM
MD
LG