Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ilçisi  türkmenistanlylary Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramy bilen gutlady


ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Mettýu Klimow
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Mettýu Klimow

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Mettýu Klimow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň prezidentini we halkyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy bilen gutlady.

“Prezident Donald Trampyň we amerikan halkynyň adyndan men prezident Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň wajyp baýramçylygy mynasybetli gutlagymy we iň gowy arzuwlarymy aýtmak isleýärin” diýip, amerikan ilçisiniň Instagramda çap eden wideosynda aýdylýar.

BMG-niň Türkmenistany bitarap ýurt hökmünde ykar etmeginiň 25 ýyllygy uly bir pelle bolup durýar, şu kesgitlemeden bäri geçen 25 ýylda Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy sebitdäki we halkara derejesindäki parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşdy, beýleki ýurtlar üçin ulanrlykly görelde boldy diýip, gutlagyň dowamynda bellenýär.

Şeýle-de ilçi Klimow Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen iki ýurduň arasyndaky bitarap we açyk dialog esasynda, umumy gymmatlyklara daýanýan hyzmatdaşlygy we dostlugy dowam etdirmek isleýändigini nygtady.

XS
SM
MD
LG