Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina epidemiýa wagtynda garyp maşgalalara kömek üçin 300 million dollar karz alar


Ukraina. Boryspil halkara ucar menzili.

Bütindünýä banky, koronawirus epidemiýasyndan ejir çeken ýurtdaky pes girdejili maşgalalara goldaw bermek üçin, Ukraina berilýän täze karzy tassyklady.

11-nji dekabr güni giçlik tassyklanan 300 million dollarlyk karz, halkara maliýe guramasynyň Ukrainadaky garyplyk derejesiniň ýylyň ahyryna çenli 23 göterime ýetip biljekdigini çaklamagynyň yz ýanyndan berilýär.

"Täze fondlar Ukrainannyň COVID-19 sosial goragy boýunça görýän adatdan daşary ýagdaý çärelerini maliýeleşdirmäge kömek eder, pandemiýa sebäpli işini ýa-da girdeji çeşmesini ýitiren şahsyýetlere we hojalyklara çalt nagt pul geçirimlerini ýola goýar" diýip, bankyň beýannamasynda aýdylýar.

Bu serişdeler aprel aýynda goýberilen 150 million dollarlyk karza goşular.

Ukraina koronawirus pandemiýasy zerarly agyr ýitgi çekdi, 885 müňden gowrak adama kesel ýokuşdy, 15,000 töweregi adam bolsa dermansyz dertden öldi.

Koronawirusyň yzygiderli ýaýramagy netijesinde hökümet köpçülikleýin ýygnanyşyklary gadagan etmek, mekdepleri we restoranlary ýapmak ýaly berk täze çäklendirmeleri girizdi.

Iýun aýynda görlen petikleme çäreleri Ukrainanyň ykdysadyýetiniň 11 göterimden gowrak pese gaçmagyna sebäp boldy.

Bütindünýä banky şu aýyň başynda gündogar Ukrainada, hökümet gözegçiligindäki sebitlerde sosial-ykdysady dikelişi we ösüşi goldamaga gönükdirilen 100 million dollarlyk taslama gol çekdi.

Bu ýerde Orsýet tarapyndan goldanylýan we 2014-nji ýyldan bäri 13 müňden gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan bölünişik çaknyşyklary şindi hem dowam edýär.

Bütindünýä banky ýakynda Ukraina COVID-19 sanjymlaryny satyn almaga kömek meýilnamalaryny yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG