Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Soňky protestlerde ençeme adam saklandy


Lukaşenka garşy geçirilen protest ýörişi. Minsk. 13-nji dekabr, 2020 ý.
Lukaşenka garşy geçirilen protest ýörişi. Minsk. 13-nji dekabr, 2020 ý.

13-nji dekabrda oppozisiýa demonstrantlarynyň Minskde we beýleki şäherlerde diýdimzor lider Alýaksandr Lukaşenkany syýasy eglişige mejbur etmek üçin geçiren bölek-büçek ýörişlerinde belarus howpsuzlyk güýçleri ençeme adamy saklady.

Adam hukuklaryny goraýjy “Wýasna” topary protestler dowam edýän wagty 300 töweregi adamyň saklanandygyny, tussag etmeleriň köpüsiniň Minskden habar berlendigini aýtdy. Resmiler 300-den gowrak adamyň saklanandygyny aýtdy.

Ýurt boýunça ençeme ýöriş geçirildi. Ýörişlere onlarça adamdan birnäçe ýüze çenli adam gatnaşdy. Bölek-büçek geçirilen protestler oppozisiýanyň hereketi merkezleşdirmezlik üçin hem-de polisiýanyň aktiwistleri tutmagyny kynlaşdyrmak üçin täze kabul eden strategiýasynyň bir bölegidir.

Käbir protestçiler oppozisiýanyň nyşany bolan ak-gyrmyzy baýdaklary göterip, hem-de “Uzak ýaşa Belarus” şygarlary bilen Minskiň merkezinden çetde ýerleşýän ilatly ýerlerde ýöriş geçirdiler.

Demonstrasiýalar oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýanyň 14-nji dekabrda Berlinde german prezidenti Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşmagynyň öňýany bolup geçdi.

Tihanowskaýa Berlin ybadathanasynda geçirilen bir çärede eden çykyşynda Belarusyň ejir çekýän oppozisiýasyna halkara goldawynyň berilmegi ugrunda özüniň tagalla etmäge dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Bu saparyň iň möhüm wezipesi belarus halkyna garşy eden-etdiligiň we zorlugyň bes edilmegini gazanmakdyr” diýip, ol aýtdy.

Tihanowskaýa Germaniýadan soň Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Josep Borrell bilen hem-de Ýewroparlamentiň agzalary bilen gepleşik geçirmek üçin Brýussele sapar eder. 16-njy dekabrda oňa Ýewroparlamentiň adam hukuklary boýunça abraýly Saharow sylagy gowşurylar.

Awgust aýynyň başlarynda Lukaşenka prezident saýlawynyň ýeňijisi yglan edileli bäri, Belarusda ozal görlüp-eşidilmedik syýasy oppozisiýa möwç alýar. Oppozisiýa saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýar.

Aktiwistler köplenç polisiýanyň zorluk taktikalaryna garşy çykdylar hem-de birnäçe hepdeläp demonstrasiýalary we ýörişleri geçirdiler.

Muňa garamazdan, Lukaşenkanyň şu wagta çenli görkezen ýeke-täk syýasy eglişik alamaty onuň täze konstitusiýa kabul etmek barada eden teklipleridir.

Birleşen Milletler Guramasyna görä, polisiýa saýlawdan soňky protestleri ýowuz basyp ýatyrýar, 27 müňden gowrak adam tussag edildi. Gynamalar, ýowuz daramalar we birnäçe adamyň ölendigi barada ynamdar maglumatlar hem bar.

Belarus oppozisiýasynyň köp sanly lideri tussag edildi ýa-da ýurdy terk etmäge mejbur edildi. Olaryň hatarynda awgust saýlawlarynda özüniň ýeňiş gazanandygyny aýdýan Tihanowskaýa-da ýurdy terk etmeli boldy.

ABŞ, ÝB we başga-da birnäçe ýurt Lukaşenkany saýlawlaryň ýeňijisi hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdi.

Ýewropa Bileleşigi saýlaw galplygyna hem-de polisiýanyň ýowuz basyp ýatyrmalaryna salgylanyp, Lukaşenka we onuň ýaranlaryna garşy sanksiýa girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG