Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusda Lukaşenka garşy ýörişlerde 300-den gowrak adam tussag edildi


Oppozisiýanyň tarapdarlary Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijelerine we polisiýanyň zorlugyna garşy çykyş edýärkä, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri protestçileri tussag edýär. Minsk, 29-njy noýabr, 2020.

Belarusyň häkimiýetleri diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany döwlet başyndan aýyrmaga gönükdirilen demonstrasiýalaryň dowamynda 300-den gowrak protestçini tussag etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy "Wýasna" guramasynyň habaryna görä, köpüsi Minskde tussag edilipdir, ýöne Brest, Hrodno, Barauliany we beýleki şäherlerde-de tutha-tutluk bolupdyr.

Bu protestler "Goňşularyň ýörişi" şygar astynda geçýän çykyşlaryň ikinji hepdesidir. Oppozisiýa öz strategiýasyny protestleri merkezden daşlaşdyrmak we polisiýanyň aktiwistleri ýygnamagyny kynlaşdyrmak usulda guramalaşdyrýar.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy hukuk goraýjy edaralaryň käbir demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz we granat ulanandygyny habar berdi.

Belarusda 9-njy awgustda çekeleşikli geçen prezident saýlawlarynda Lukaşenka altynjy prezidentlik möhletine geçensoň ýurtda yzygiderli protestler geçýär.

Häkimiýetleriň basyşy astynda saýlawdan soň gysga wagtyň içinde ýurtdan çykan we häzirki wagtda Litwada sürgünlikde galýan oppozisiýa kandidaty Swýatlana Tihanowskaýa demonstrantlara goldaw berýär.

Ol twitterde eden ýazgysynda režimiň her hepde protestleriň azalýandygyny öňe sürýändigini we her hepde Belarus halkyny ýençmek hem gorkuzmak üçin güýçlerini iberýändigini, emma olaryň her hepde Lukaşenkanyň režimine garşy parahatçylykly çykyş etmek üçin ýygnanyşýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG