Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Turkmen.news: Aşgabatdaky welosipediň monumentine $6,5 million harçlandy


Aşgabatda welosipede açylan monument

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 3-nji iýunynda welosipede açylan monument, döwlet býujetine 22 million 424 müň manada, resmi kurs boýunça hem 6 million 407 müň dollara düşdi. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri özüne gowşan resmi dokumentlere salgylanyp maglumat berýär.

Aşgabadyň günbatar böleginde galdyrylan bu monument şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Sport ýyldyzy” atly hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Neşir bu kärhananyň başga-da onlarça million dollarlyk desgalary gurandygyna ünsi çekýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri, welosipediň monumenti üçin näçe pul harçlanandygy barada resmi maglumat bermeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG