Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat türk prezidentiniň bitaraplygyň ýyl dönümi mynasybetli iberen wideo gutlagyny görkezmedi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (çepde) özüniň türkmenistanly kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen (arhiw suraty)
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (çepde) özüniň türkmenistanly kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen (arhiw suraty)

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli iberen gutlagynda Türkmenistanyň ýakyn geljekde Türk geňeşine goşulyp biljekdigine umyt bildirdi. Bu barada türk habar serişdeleri maglumat berýärler.

“Biz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de sebitiň daşyndaky döwletler we halkara guramalar bilen dialoga aktiw gatnaşýandygyny görýäris. Şeýlelik bilen, men Türkmenistanyň gysga wagtda Türk Geňeşine goşulmagyny isleýändigimizi ýene bir gezek bellemek isleýärin" diýip, Rejep Taýyp Erdogan wideo çykyşynda aýtdy.

Türk prezidentiniň bu wideo gutlagynyň bitaraplygyň nobatdaky ýyl dönümine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen halkara konferensiýa ýollanandygy bellenildi.

Emma “Watan” habarlar gepleşiginde konferensiýa barada 12-nji dekabrda efire berlen reportažda, beýleki daşary ýurtly resmileriň çykyşlary görkezilse-de, Erdoganyň ýollan wideo gutlagy görkezilmedi.

XS
SM
MD
LG