Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly protestçiler Lukaşenkanyň işden gitmegini talap edýärler


Lukaşenka garşy ýörişe gatnaşyjylar. Arhiw suraty
Lukaşenka garşy ýörişe gatnaşyjylar. Arhiw suraty

Demonstrantlar 20-nji dekabrda Belarusyň paýtagty Minskde ýöriş geçirip, diýdimzor Aleksandr Lukaşenkany işinden çekilmäge çagyrdy.

Lukaşenka awgust aýynyň başynda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiji diýlip yglan edileli bäri Belarusda günde diýen ýaly protest geçirilýär we oppozisiýa liderleri saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdyp, aýak depýärler.

BMG-niň maglumatyna görä, saýlawdan soňky demonstrasiýalar güýç bilen dargadylanda polisiýa 27 müňden gowrak adamy tussag etdi. Gynamalar we ýowuz daraşmalar barada ygtybarly maglumatlar bar, birnäçe adam heläk boldy.

Belarusyň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur boldy, üç onýyllyga golaý wagt bäri ýurdy demir ýumruk bilen dolandyran Lukaşenka oppozisiýa bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi we beýleki birnäçe ýurt Lukaşenkany ses berişligiň ýeňijisi diýip ykrar etmekden ýüz öwürdi we saýlaw galplyklaryna we polisiýa ýowuzlyklaryna salgylanyp, Lukaşenka we onuň ýaranlaryna garşy sanksiýa girizdi.

Minskdäki we beýleki ýerlerdäki demonstrasiýalara gatnaşýan adamlaryň sany ýadawlyk, repressiýa we sowuk howa sebäpli azaldy.

Protest guramaçylary taktikany hem üýtgedip, tussag edilmekden gaça durmak we pitnä garşy polisiýany dagynyklyga salmak üçin, ýygnanyşyklary kiçiräk görnüşde we köp ýerde geçirmäge çagyrdylar.

20-nji dekabrda Minskiň birnäçe etrabynda kiçi göwrümli protest ýörişleriniň bolandygy habar berildi.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy köp adamyň oppozisiýanyň gyzyl-ak baýdagyny ýa-da şygarlary göterip çykandygyny habar berdi.

Demonstrantlaryň gozgalaň polisiýasy tarapyndan tussag edilendigi barada şu wagta çenli habar ýok.

19-njy dekabrda Minskde we beýleki ýerlerde, şol sanda günbatar Hrodna şäherinde kiçi ýörişler we ýygnanyşyklar boldy.

XS
SM
MD
LG