Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjanly tussag bankiriň aýalynyň Britaniýadaky 'baýlygyna' degişli arzy ret edildi


Azerbaýjanyň iň uly bankynyň öňki başlygynyň aýaly Zamira Hajyýewa (Haciýewa) degişlidigi aýdylýan emläk. London

Azerbaýjanyň iň uly bankynyň tussag edilen öňki başlygynyň aýaly Londonyň "Harrods" dükanynda on ýylda 16 million funtdan gowrak (21,3 million dollar) möçberde sarp eden pulunyň çeşmesini açmak barada suduň çykaran kararyna garşy eden soňky arzy ret edildi.

Britaniýanyň Ýokary sudy 21-nji dekabrda Zamira Hajyýewanyň Britaniýanyň Milli jenaýat gullugy (NCA) tarapyndan düşündirilmedik baýlygyna degişli gozgan sud işinden şikaýat edip, ýazan arzasynyň ret edendigini aýtdy.

Hajyýewa indi öz baýlygynyň çeşmesini düşündirip bilmese, Londonyň merkezi Naýtsbridj etrabyndaky kaşaň jaýyny we Berkşirdäki golf meýdançasyny ýitirip biler.

Bu emlägiň bahasy 2018-nji ýylyň fewral aýynda iş başlananda jemi 22 million funta (29,2 million dollara) barabardy.

Zamira Hajyýewanyň adamsy Jahangir Hajyýew, döwlet tarapyndan dolandyrylýan Azerbaýjan Halkara Bankynyň öňki başlygy. Ol öz ýurdunda galplyk we ogurlyk aýyplamalary sebäpli uzak möhletli türme tussaglygyny başdan geçirýär.

Britaniýanyň Ýokary sudy Hajyýewanyň şikaýat etmegine hiç bir kanuny esasyň ýokdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG