Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Moderna’ sanjymynyň ilkinji sançgylary ABŞ-nyň saglygy goraýyş işgärleriniň eline geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

22-nji dekabrda COVID-19-a garşy “Moderna” sanjymynyň ilkinji sançgylary ABŞ-nyň saglygy goraýyş işgärleriniň eline geçdi. Bu waka “Pfizer-BioNTech” kompaniýasynyň sanjymy tutuş ýurtda ornaşdyrylyp başlanyndan bir hepde soňa gabat geldi.

Birleşen Ştatlarda soňky bir hepdäniň dowamynda tassyklanan täze hadysalaryň ortaça sany 210 müňe golaý bolup, takmynan 115 müň adam keselhana ýerleşdirildi we her gün ortaça 2 müň 600-den gowrak adam ölýär.

“Pfizer-BioNTech” kompaniýasy kadalaşdyryjy päsgelçilikleri aradan aýyrandan soň, Ýewropa Bileleşigi COVID-19-a garşy köpçülikleýin sanjym kampaniýasyna başlamaga taýýarlanýar.

27-nji dekabrda bileleşigiň çäginde ýaýbaňlandyrylma başlanar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Ursula fon der Leýen (Ursula von der Leyen) aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginde “Moderna” sanjymynyň ýanwar aýynyň başynda tassyklanmagyna garaşylýar. Bu sanjymyň, wirusyň ýaýramagy, ykdysadyýeti weýran etmegi we jemgyýetleri çäklendirmelerde ýaşamaga mejbur etmegi dowam edýän mahaly, birneme arakesme getirmek umydyny döretmegine hem garaşylýar.

XS
SM
MD
LG