Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

CPJ: 2020-nji ýylda žurnalistleri nyşana alýan repressiw jenaýatlar iki esse köpeldi


Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) 2020-nji ýylda dünýäde 21 žurnalistiň öz edýän işi üçin öldürilendigini aýdýar. Bu geçen ýyldakydan iki esse köp bolup, 2019-njy ýylda bu görkeziji 10-a barabardy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän gurama 22-nji dekabrda çap eden hasabatynda şu ýyl, umumy hasap bilen, azyndan 30 žurnalistiň öz işini berjaý edýän wagtynda öldürilendigini hem belleýär.

"Geçen ýylda žurnalistleriň öldürilmeginiň iki esse köpelmegi elhenç bolup, bu möwjeme halkara jemgyýetçiliginiň etmişiň jezasyz galdyrylmagy bilen bagly betbagtçylyga garşy durup bilmeýändigini görkezýär" diýip, CPJ-niň ýerine ýetiriji direktory Joel Simon aýtdy.

Hasabata görä, koronawirus pandemiýasy “köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekip, syýahaty çäklendiren” mahaly, 2020-nji ýylda söweşde ýa-da ok atyşykda ölen žurnalistleriň sany üçe barabar boldy. Bu soňky 20 ýyldaky iň pes görkezijidir.

Olaryň üçüsi hem Siriýada, şübheli rus howa zarbalarynda öldürildi. Siriýada we Owganystanda öz edýän işleri sebäpli azyndan dört žurnalist öldürildi. Owganystanda ýene bir žurnalistiň öldürilmegi bilen bagly derňewler dowam edýär diýlip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň maglumatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG