Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp hemaýat taslamasyna gol goýmajakdygyny ýaňzytdy, has köp kömek pullaryny sorady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýakynda Kongres tarapyndan ykrar edilen 900 milliard dollarlyk ykdysady hemaýaty “utanç” diýip atlandyrdy, şeýle-de oňa gol goýmajakdygyny ýaňzytdy.

22-nji dekabrda Twitter hasabynda ýerleşdiren wideosynda Tramp taslama weto goýjakdygyny göni aýtmasa-da, onda amerikanlary goldamak üçin ýeterlik hemaýatyň göz öňünde tutulmandygyny, şeýle-de başga köp harajatly çykdajylaryň bardygyny aýdyp, ony tankytlady.

Taslama her bir amerikala 600 dollar möçberinde bir gezeklik maliýe hemaýatyny göz öňünde tutýar. Emma Tramp Kongresden munuň 600 dollardan 2 müň dollara çenli artdyrylmagy, jübütler üçin bolsa 4 müň dollar möçberinde kesgitlenilmegi boýunça goşmaçalary girizimegi sorady.

Tramp 5 müň 593 sahypalyk çykdajylar taslamasynda beýleki harajatlar bilen birlikde beýleki döwletlere beriljek hemaýatlara, muzeýler üçin çykdajylara nägilelik bildirdi.

“Bu COVID hemaýaty atlandyrylýar, emma munuň COVID bilen tas hiç hili ilteşigi ýok” diýip, Tramp aýtdy.

Kömek taslamasy – koronawirus pandemiýasyndan ejir çeken şahsyýetleri we kärhanalary goldamak üçin 900 milliard dollarlyk ykdysady kömegi, şeýle-de 2021-nji maliýe ýyly üçin hökümeti maliýeleşdirmek üçin 1,4 trillion dollarlyk harajatlary birleşdirýär. Ol şeýle-de salgyt ýeňilliklerini hödürleýär.

Prezidentiň käbir tankytlarynyň COVID-19 hemaýatynda göz öňünde tutulan serişdelere däl-de, hökümeti maliýeleşdirmek üçin kanunyndaky çykdajylara degişlidigi meňzeýär.

Wekiller Öýi we Senat taslamany 21-nji dekabrda uly goldaw bilen ykrar etdiler. Netijede weto goýlan halatynda-da, ony ýatyrmak üçin ýeterlik sesleriň boljakdygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG