Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet FSB agenti bilen duşuşjak bolan aklawça garşy jenaýat derňewini açýar


Lyubov Sobol

Russiýanyň hukuk goraýjy guramalary Kremliň aç-açan tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň aklawçysy Lýubow Sobola garşy jenaýat işini açdy we ony soraga alyp gitdi diýip, Gazna 25-nji dekabrda twitterde habar berdi.

Korrupsiýa garşy gazanynyň müdiri Iwan Ždanow derňewçileriň Sobolyň “güýç ulanmak ýa-da ulanmak wehimi bilen”, rugsat edilmeýän ýere barandygy sebäpli aýyplanýandygyny aýtdy.

Bu derňew aklawçy Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) adam zäherlemekde güman edilýän agentiniň gapysyny kakandan soň açylýar. Rus häkimiýetleri bu habara bada-bat düşündiriş bermediler.

Biraz öň rus polisiýasynyň Lýubow Sobolyň öýüne reýd geçirip, onuň telefonlaryny we kompýuterlerini alyp gidendigi habar berildi.

Nawalnynyň goldawçylary polisiýanyň bu göçümini Sobolyň 44 ýaşly Kreml tankytçysynyň zäherlenmeginde güman edilýän howpsuzlyk (FSB) agenti bilen duşuşmak synanyşygyna görlen çäre hasaplaýarlar.

Sobol 21-nji dekabr agşamy Konstantin Kudrýawtsew bilen duşuşmaga synanyşan žurnalistleriň we syýasy aktiwistleriň biri boldy. Şol gün Nawalny Kudrýawtsew bilen FSB-niň zäherlemede oýnan roly barada geçiren söhbetdeşliginiň audio ýazgysyny çap etdi.

Sobol polisiýada gysga wagt tussaglykda saklanyp, soňra goýberildi.

Ýewropa ýurtlarynyň üçüsinde aýry-aýrylykda geçirilen laboratoriýa synaglary global himiki ýarag gözegçiligi tarapyndan tassyklandy we Nawalnynyň sowet görnüşli Nowiçok nerw agenti bilen zäherlenendigi mälim boldy.

Russiýa zäherlenme barada derňew geçirmek baradaky çagyryşlary ret etdi we döwlet agentleriniň bu işe gatnaşandygyna entek hiç hili subutnama görkezilmeýändigini aýtdy.

Nawalny häzirki wagtda Germaniýada, zäherlenmeden soňky bejerişlerini alýar. Ol yzyna, Orsýete gaýdyp gelmek isleýändigini aýtdy, ýöne munuň anyk senesini açmady.

Ýewropa Bileleşigi we Angliýa Nawalnynyň zäherlenmeginde jogapkär hasaplanýan alty sany ýokary derejeli resminiň garşysyna emläk doňdurmak we syýahat gadaganlygy sanksiýalaryny girizdi, Nowiçok ady bilen tanalýan harby derejeli nerw agentleriniň toparyny döreden bir guramanyň aktiwlerini doňdurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG