Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda meşhur aýal-gyz hukuklary aktiwisti öldürildi


 Freşta Kohistani
Freşta Kohistani

Owganystanyň Içeri işler ministrligi beýanat çap edip, tanymal zenan hukuklaryny goraýjy aktiwist Freşta Kohistaniniň Kabulyň demirgazyk-gündogaryndaky Kapisa sebitiniň bir obasynda janyna kast edilip öldürilendigini habar berdi.

Kohistani halkara derejesinde alada döreden matlaply kast edişlikler tapgyrynyň iň soňky pidasy boldy.

“Şu gün agşam sagat 5 töweregi motosiklli gelip, näbelli ýaragly adamlar Kapisa etrabynyň Kohistan etrabynyň Hes-e-Awal diýen ýerinde Freşta Kohistaniniň janyna kast etdiler, hüjümde onuň dogany hem ýaralandy, aňtaw bölümleri hüjüm barada derňew işine başlady” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Kapisanyň polisiýasy hüjümde Kohistaniniň doganynyň hem öldürilendigini aýtdy.

24-nji dekabrda bolan hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Kohistani Owganystanyň garaşsyz saýlaw gözegçilik toparynyň başlygy Ýusuf Raşid Kabulda öldürilenden bir gün soň öldürildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky missiýasy 23-nji dekabrda bolan hüjüme reaksiýa bildirip, uruşdan tozan ýurtda adamlaryň matlaply, nyşana alnyp öldürilmeginiň "biynjalyk edýän" sanlaryndan alada bildirdi.

XS
SM
MD
LG