Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Namanganda alnyp gaçylanda awtoulagdan böken 16 ýaşly gyz aradan çykdy


Tiz kömek ulagy

Özbegistanyň Namangan sebitinde alnyp gaçylan mahaly ulagdan böken 16 ýaşly gyz, agyr ýaralary sebäpli, keselhanada jan berdi.

Sebit polisiýa bölüminiň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu waka 20-nji dekabrda Naryn sebitinde boldy.

18 we 23 ýaşlaryndaky iki ýigit iki sany deň-duşy bilen kireýine alan otagynda ýaşap, bir ýarym aý bäri ýokary okuw jaýyna girmäge taýynlanýan gyzy alyp gaçdy.

Içeri işler müdirligi bu wakadan ne öňüni alyş gözegçisiniň, ne-de etrap başlygynyň habarlydygyny aýtdy.

Merhumyň Uçkurgan sebitinden bolandygy habar berildi.

Bu iş boýunça Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň iki maddasy esasynda, adam alyp gaçmak we howply ýagdaýda galdyrmak aýyplamalary bilen, jenaýat işi gozgaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG