Azatlyk Radiosynyň 2020-nji ýyldaky iň gowy fotosuratlary
Ermenistan – Aragas dagyndaky kosmiki şöhlä gözegçilik edýän stansiýadaky aýratynlyklar. Photo: Amos Chapple (RFE/RL)
Photo: Amos Chapple (RFE/RL)
Azatlyk Radiosynyň 2020-nji ýyldaky iň gowy fotosuratlary
Pandemiýa gadagançylygyndan, Belarusdaky barlyşyksyz protestlere çenli – ýylyň iň aýdyň suratlary
Tbilisidäki Mukaddes Üçbirlik ybadathanasynda oturan gyz. 19-njy ýanwar, Mesihiň çokundyrylan güni, Gürjüstan. (Mziýa Saganelidze, AÝ/AR)
Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň işgärleri 19-njy ýanwarda Kiýewde PS752 uçar heläkçiliginde ölenler bilen hoşlaşyk mahaly. Uçar 8-nji ýanwarda Tährandan uçandan soň, Eýranyň harbylarynyň sözüne görä, ýalňyşlyk bilen atylyp düşürildi. Ekipažyň dokuz agzasy bortdaky 167 ýolagçy bilen bilelikde heläk boldular. (Sergeý Nužnenko, Azatlyk Radiosy/Ukraina)
Hajra Katic adamsyna hem ogluna degişli dokumentleri saklaýar, 20-nji ýanwar. Ol bulary 1995-nji ýylda Srebrenisada, Bosniýada we Gersegowinada bolan genosid wagtynda ölen ýakynlaryndan galan ýeke-täk ýadygär galan hökmünde aýap saklaýar. (Midhat Poturowiç, AÝ/AR)
Amerikanyň Bombardier E-11A uçarnyň bölekleri 27-nji ýanwarda Owganystanyň Gazni welaýatyndan tapyldy. ABŞ-yň HHG degişli uçar Kabulyň günortasyndaky düzlükde urlupdy. Heläkçilikde azyndan uçaryň iki ekipažy öldi. (Habib Tasir, AÝ/AR)
Model gyzlar Kiýewdäki ukrain moda hepdeliginde surata düşýärler, 3-nji fewral.(Irina Gromotskaýa, AÝ/AR)
Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen Halkara aýallar gününe bagyşlanan 8-nji mart demonstrasiýasy wagtynda polisiýa demonstrantçyny tussag edýär. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, žurnalistler hem ynsan hukuklaryny goraýjylar bilen birlikde 70 töweregi adam tussag edilipdir. (Gülžan Turdubaýewa, Azatlyk Radiosy)
Kiýewdäki kwartiralar 25-nji martda ýagtylandyryldy, ýaşaýjylar mehaniki sazlaşdyrma düzgünine laýyklykda öýlerinde galýarlar. (Sergeý Nužnenko, AÝ/AR)
Gürjüstanyň harby gullukçylary 31-nji matda ýurtda hereket gadagançylygy girizilensoň, Tbilisi şäherine barýan awto ulaglary hem ýolagçylary barlaýarlar. (Mziýa Saganelidze, AÝ/AR)
Ukrainanyň Žitomyr oblastynyň Mahdyn obasynyň ýaşaýjylary 18-nji aprelde tokaý ýangyny bilen birlikde, öýleri hem ýanansoň, hojalyk mallaryny alyp, başga oba göçýärler. Ol ýerde birnäçe hepdeläp möwç alan ýangyn Çernobyl atom elektrik stansiýasynyň golaýyndaky zona çenli baryp ýetdi. (Maks Lewin, AÝ/AR)
Işçiler Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň köçelerini koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin dezinfeksiýa edýärler, 18-nji aprel.
Saraýewonyň Çekrekçina metjidinde namaz okajak adam düşegiň üstünden öz namazlygyny ýazýar. Bosniýa we Gersogowina, 6-njy maý. (Žasmin Brutus, AÝ/AR)
9-njy maý, Minsk şäheri. Belarusda Ikinji jahan urşunyň gutarmagynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan harby parad geçýär. COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, 9-njy maý örän giň möçberdäki çärler bilen bellendi. (Uladz Hridzin, AÝ/AR)
Çagalar 18-nji maýda Kiýewde, Krym tatarlarynyň baýdagyny göterýärler. 18-nji maý 1944-nji ýylda Merkezi Aziýa hem Sibire deportasiýa edilen Krym tatarlarynyň hatyra güni. Köpçülikleýin deportasiýa wagtynda, on müňlerçe adam heläk boldy. Ukraina ol güni genosid diýip ykrar edýär. (Sergeý Nužnenko, AÝ/AR)
Polisiýa 6-njy iýunda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherindäki Garaşsyzlyk meýdanynyň golaýynda demonstrantçylary tussag etdi. Demokratik reformalary talap edýän ýörişlerde 100-den gowrak oppozisiýa aktiwisti tussag edildi. (Petr Trotsenko, AÝ/AR)
Serbiýanyň Belgrad şäherinde protestçiler 8-nji iýulda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmelere garşylyk bildirýärler. (Wesna Andžiç, AÝ/AR)
Demonstrantçylar 9-njy awgustda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň başlanan demonstrasiýa wagtynda ýaralanan adamy göterip barýarlar. Aleksandr Lukaşenkanyň altynjy möhlete gaýtadan saýlanmagyny köpler bikanun hasaplaýarlar, şondan bäri närazylyk aksiýalary birnäçe aýlap dowam edýär. (Wladimir Gridzin, AÝ/AR)
Bosniýa we Gersegowinanyň Mostar şäherindäki meşhur köpri “Altyn sentýabr” çäresi bilen baglanyşykly ýagtylandyrylýar. 1-nji sentýabrda çagalaryň rak keseli barada ýokary derejede maglumat bermek çäresi geçirilýär. (Mirsad Behram, AÝ/AR)
Oppozisiýadaky partiýanyň tarapdarlary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheriniň merkezindäki Alatoo meýdanynda parlament saýlawlarynyň ertesi güni, 5-nji oktýabrda, demostrasiýa geçirýärler. (Ulan Asanaliýew, AÝ/AR)
Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde 10-njy oktýabrda demonstrantçylar bilen OMON güýçleri çaknyşdy. Iýul aýynda bu oblastyň gubernatory adam öldürmekde aýyplanyp tussag edilmeginden soň, nägilelik çäreleri birnäçe aýlap dowam edip gelýär. (Olga Tsikarýowa, AÝ/AR)
Azerbaýjanyň Genji şäherinde 11-nji oktýabrda Ermenistandan atylan raketa zarbasyndan weýran bolan jaýyň içi. Sentýabr aýynda Daglyk-Garabagyň bölünip aýrylan sebitinde ýüze çykan söweşiň netijesinde, iki tarap hem harby we parahat ilatdan ýitgi çekdi. (Azadliq Radiosu, RFE/RL)
Ukrain soldaty Donbassyň gündogar böleginde barýan söweşlere gitmek üçin geýnip dur. Ol ýerde Moskwanyň goldaýan söweşijileri iki oblastyň birnäçe bölegini henizem öz ellerinde saklaýarlar. (Мариан Кушнир /RadioSvoboda.Org, RFE/RL)
Ýerewanyň golaýyndaky bannerlerde sentýabr aýynyň ahyrynda Ermenistanyň hem Azerbaýjanyň arasynda barýan söweşde ölen soldatlaryň atlary ýazylypdyr. (Amos Çappl AÝ/AR)
Çernogoriýadaky Serb prawoslaw kilisesiniň baştutany metropoliten Amfilohiniň jaýlanyşyna ýas tutýanlar Podgorisedäki ybadathana ýygnandylar. Amfilohiý COVID-19-dan ejir çekip, 82 ýaşynda aradan çykdy, 1-nji noýabr. (Sawo Prelewiç, AÝ/AR)
Daglyk-Garabagyň serhedinde ýerleşen Agdam şäheriniň harabaçylygynyň görnüşi. Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 1990-njy ýyllardan bäri iň gazaply söweşi bes eden 9-njy noýabrdaky baglaşylan şertnamanyň çäginde, öň ermeniler tarapyndan kontrollyk edilýän Agdamy hem ýene iki etraby yzyna gaýtaryp aldylar. 24-nji noýabr. (Azadliq Radiosu, RFE / RL)
Bürgüt bilen aw awlaýan bürgütçi, öz guşy bilen töwerege syn edýär. Gazagystanyň Almaty oblasty. 5-nji dekabr. (Petr Trotsenko, AÝ/AR)