Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sanjym almak üçin gadaganlykdaky bank serişdelerini ulanjagyny aýdýar


Abdolnaser Hemmati

ABŞ-nyň Eýran banklaryna garşy girizen sanksiýalaryna garamazdan, Eýran koronawirus sanjymlaryny satyn almak üçin daşary ýurtlarda saklaýan daşary ýurt walýuta ätiýaçlyklaryny ulanmak üçin ABŞ-dan rugsat almagy başardy diýip, Merkezi bankyň başlygy 24-nji dekabrda habar berdi.

Abdolnaser Hemmati ABŞ-nyň Gazna departamentiniň Daşary ýurt emläklerine gözegçilik gullugynyň bu serişdeleriň Şweýsariýa bankyna geçirilmegini tassyklandygyny aýtdy.

Hemmati Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) ýolbaşçylygyndaky COVID-19 sanjymy plany boýunça (COVAX) 16,8 million dozadaky sanjymlary import etmek üçin Eýranyň 244 million dollar tölejekdigini aýtdy.

Eýran resmileri ABŞ-nyň sanksiýalarynyň COVAX-a töleg tölemeginiň öňüni alýandygyny aýtdy.

Hemmati Eýranyň döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda "Olar (amerikalylar) ähli banklarymyza sanksiýa girizdiler. Olar muny dünýä jemgyýetçilik pikiriniň basyşy astynda kabul etdiler" diýdi.

Hemmati 24-nji dekabrdaky Instagram ýazgysynda töleg mehanizmi ýa-da sanjym üpjün edijisi barada başga jikme-jik maglumat bermedi.

ABŞ-nyň Gazna departmanti häzirlikçe bu habary tassyklamady.

Eýranda COVID-19-dan ölenleriň sany 54,000-den gowrak we ol Ýakyn Gündogarda iň köp zyýan çeken ýurt bolup durýar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lariniň döwlet telewideniýesine beren habaryna görä, soňky 24 sagatda Eýranda COVID-19-dan 152 adam öldi.

Bu 18-nji sentýabrdan bäri iň pes san bolsa-da, resmiler ýokanç keselleriň gaýtadan döremek howpunyň bardygyny duýdurdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG