Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransiýa, Ýaponiýa koronawirus wariantynyň hadysalaryny tassyklaýar


Fransiýa Angliýadan gelýän ýolagçylara we ýüklere gadaganlyk girizip, Britaniýanyň Dover portunyň töwereginde uly kynçylyk döretdi.

Fransiýa we Ýaponiýa şu hepdäniň başynda Angliýada täze petikleme çärelerine we global syýahat çäklendirmelerine sebäp bolan koronawirus görnüşiniň ilkinji hadysalaryny tassyklady.

Angliýada ýaşaýan bir fransuz 25-nji dekabrda täze wariant babtynda oňyn netije görkezdi diýip, Fransiýanyň jemgyýetçilik saglyk gullugynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Özüni izolirlän adamda keseliň hiç hili alamatynyň bolmandygy bellenilýär.

Beýleki ýewropa ýurtlarynyň hem käbiri öňki koronawirusa garanyňda has ýokuşgan görünýän ýokanjyň bardygyny, ýöne onuň beýle ölümli däldigini habar berdiler.

Saglygy goraýyş işgärleri täze görnüşli wirusyň sanjymlara çydamlydygyny görkezýän subutnamanyň ýokdugyny aýtdylar.

Ýaponiýanyň saglygy goraýyş ministri ýokanç keseli tassyklanan bäş adamyň karantine iberilendigini aýtdy.

Bu bäş adam Ýaponiýa Angliýadan gelen daşary ýurtly myhmanlara wagtlaýyn gadaganlyk girizilmeginden ozal geldi.

Angliýada täze dartgynly ýagdaýyň ýüze çykmagy dünýä ýurtlaryny Angliýadan gelýän uçuşlary togtatmaga iterdi.

Fransiýa Angliýadan gelýän ýolagçylara we ýüklere gadaganlyk girizip, Britaniýanyň Dover portunyň töwereginde uly kynçylyk döretdi.

Fransiýa serhedi gaýatdan açdy, ýöne Angliýadan giren her bir adamdan täze wariantynyň ýokdugyny görkezip, synagdan geçmegini talap edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG