Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Wuhanda koronawirusyň ýaýrandygy barada habar üçin žurnaliste türme tussaglygyny berdi


Aktiwist tussag edilen raýat žurnalisti Zhang Zhanyň suratyny tutup dur. Hong Kong, 28-nji dekabr, 2020
Aktiwist tussag edilen raýat žurnalisti Zhang Zhanyň suratyny tutup dur. Hong Kong, 28-nji dekabr, 2020

Hytaý fewral aýynda Wuhan şäherinden koronawirusyň ýaýramagy barada habar beren raýat žurnalistine agyr türme tussaglygyny berdi.

37 ýaşly Zhang Zan, epidemiýanyň ilkinji günlerinde şäherde COVID-19 saklamak üçin göreş barýarka, köp adamly krematoriýalary we hassahanalary görkezýän onlaýn wideolary ýazga aldy.

Öňki aklawçy zenan Zhang wirusyň başlanan merkezinden habar berendigi üçin Şanhaýyň sudy tarapyndan dört ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Zhang, wirusyň bulam-bujarlykly başlangyç döwürlerinde hasabat berendigi üçin "dowullary ýygnamakda we kynçylyklary tutaşdyrmakda" günäkärlendi.

Zhangyň aklawçylaryndan Ren Kuanniu 28-nji dekabrda Pudong etrap sudunyň daşynda ýygnanan žurnalistlere öz müşderisiniň dört ýyl azatlykdan mahrum edilendigini tassyklady.

Aklawçy Ren höküm okalanda öz müşderisiniň bialaç görünendigini, onuň ejesiniň bolsa ses edip aglandygyny aýtdy.

Aklawçy Zhangyň saglygy bilen baglanyşykly aladalaryň artýandygyny belledi. Ol iýun aýynda açlyk yglan edip başlapdy we burnundan turba arkaly iýmitlendirildi.

Zhang Zan özüne agyr höküm çykarylsa, “ahyryna çenli” iýmitden ýüz öwürjekdigini geçen hepdede aýtdy diýip, onuň aklawçysy mälim etdi.

Zhang, Wuhandan habar berendigi üçin şu ýylyň başynda häkimiýetler tarapyndan tussag edilen raýat žurnalistleriniň arasynda ilkinji bolup sud edildi.

Hytaý wirus barada ilkibaşda dymandygy sebäpli berk tankyt edildi we ýaşyryn hereket etmekde aýyplandy.

Pekiniň garaşsyz derňewiň geçirilmegine razylyk bermek islemeýändigine garamazdan, Bütindünýä saglyk guramasynyň on alymyndan ybarat toparynyň, indiki aýda Wuhana baryp, wirusy derňemegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG