Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp amerikanlara COVID-19 bilen bagly kömek barada kanuna gol çekdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp birnäçe gün gijikdirilenden soň 27-nji dekabrda COVID-19 bilen bagly kömek we hökümet çykdajylary baradaky kanuna gol çekdi. Bu döwürde millionlarça amerikaly üçin niýetlenýän işsizlik boýunça kömek pulunyň möhleti gutardy we kanun çykaryjylar hökümetiň öz işini wagtlaýyn togtatjagy barada duýduryş berdi.

Tramp ozal bu kanuny kabul etmekden ýüz öwürenden soň, takmynan 11 million adama goşmaça ýeňillikleriň tölenjegi şübhe astyna düşdi we olaryň öz maşgalalaryny eklemek baradaky hasratyny artdyrdy.

Tramp 22-nji dekabrda kanuna gol çekmejekdigini öňe sürende Kongresi geň galdyrdy we kanun taslamasynyň ykbalyny näbelli ýagdaýa saldy.

Kanun taslamasy birnäçe aýlap dowam eden çekeleşiklerden we Ak tamyň Trampyň ony goldajakdygy baradaky kepilinden soň Kongresde we Senatda ses köplügi bilen kabul edilipdi.

Goşmaça işsizlik töleglerini uzaltmakdan başga-da, kanun taslamasy belli bir girdeji çäklerine görä, amerikalylar üçin bir gezeklik 600 dollar tölenmegi hem öz içine alýar.

Trampyň garşylygynyň biri bu tölegiň mukdarynyň has azdygyna baglydy.

Şeýle-de, prezident kanun taslamasynda federal hökümetiň sentýabr aýyna çenli işlemegi üçin goşmaça 1,4 trillion dollarlyk maliýe çykdajylaryň mukdary bilen ylalaşmady.

XS
SM
MD
LG