Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB COVID-19 garşy waksina programmasyna başlady


Koronawirusa garşy waksina edilýär. South Pest, Wengriýa, 27-nji dekabr, 2020.
Koronawirusa garşy waksina edilýär. South Pest, Wengriýa, 27-nji dekabr, 2020.

Pensiýa çykan adamlar we saglygy saklaýyş işgärleri 27-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň köpçülikleýin COVID-19 waksina programmasynyň çäginde edilýän sanjymlary almak üçin nobata düzüldiler.

Ilkinji günlerde waksina alan adamlar rahatlyk we minnetdarlyk bildirdiler.

"Geliň göreli biz bu wirusdan dynyp bilsek" diýip, Ispaniýada ilkinji waksinany alan 96 ýaşly Arakeli Hidalgo aýtdy.

Italiýada 29 ýaşly şepagat uýasy Klaudia Aliwernini özüne Rimiň keselhanasynda waksina edilen wagtynda "bu ajaýyp we taryhy pursat" diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň täze ýyla çenli Pfizer/BioNTech waksinasynyň 12.5 million dozasyny almagyna garaşylýar. Bu mukdar 6.25 million adamy iki tapgarlaýyn edilýän sanjym bilen üpjün etmek üçin niýetlenýär.

450 million ilatly bu region COVID-19-a garşy waksinasiýa üçin Pfizer/BioNTech sanjymlaryny ABŞ, Britaniýa, Kanada we ýene birnäçe ýurduň yzýany ulanyp başlady.

COVID-19 ÝB-de 16 million adama ýokaşdy we 336 müň adamyň ölümine sebäp boldy.

Awstriýanyň kansleri Sebastian Kurz waksinanyň pandemiýa garşy göreşde ýeňiş getirendigini aýtdy we bu "oýny üýtgetdi" diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG