Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Daglyk-Garabagda bir esgeriniň öldürilendigini, beýlekisiniň ýaralanandygyny aýtdy


Daglyk-Garabag, Stepanokert
Daglyk-Garabag, Stepanokert

Azerbaýjan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynda bolan hüjümde öz harby gullukçylaryndan biriniň wepat bolandygyny, beýlekisiniň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýurduň Goranmak ministrligi 28-nji dekabrda Hojawend etrabynyň Agdam obasyndaky "bikanun ermeni ýaragly toparynyň" alty agzasynyň Azerbaýjanyň harby bölümine hüjüm edendigini we hüjümçileriň hemmesiniň öldürilendigini aýtdy.

Ministrlik şuňa meňzeş hüjümler amala aşyrylan halatynda "aýgytly çäreleri görjekdigini" aýtdy.

Ýerewanyň we Daglyk-Garabagdaky etniki ermenileriň de-fakto häkimiýetleriniň resmileri Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýanaty barada entek düşündiriş bermediler.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi ozal habar beriş serişdeleriniň Hadrut regionyndaky söweşler barada beren habarlaryny ret edip, Daglyk-Garabagdaky etniki-ermeni güýçleriniň regionda alty hepde dowam eden söweşiň bes edilmegi barada geçen aýda gelnen ylalaşyga berk gözegçilik edýändigini aýtdy.

Moskwanyň araçylygynda gelnen ýaraşyk 10-njy noýabrda güýje girdi we 30 ýyl töweregi ermenileriň gözegçiliginde bolan Daglyk-Garabagyň bir bölegini we onuň töweregindäki ýedi etrapçany, şol sanda Hojawendi Azerbaýjan gözegçiliginiň astynda goýdy.

Hojawend etrabynyň uly bölegi uruş wagtynda azerbaýjan goşuny tarapyndan eýelendi.

Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi, emma sebitiň ilatynyň aglaba bölegini emele getirýän etniki ermeniler Azerbaýjanyň häkimiýetini ret edýär.

1994-nji ýylda tamamlanan söweşlerde Azerbaýjanyň goşunlary we azeriler regiondan we ýedi etrapdan kowulyp, bu sebit Ermenistanyň goldawy bilen dolandyryldy.

XS
SM
MD
LG