Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa gaçgaklykdaky gazak bankiri Ablýazowy gaýybana ýagdaýda 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi


Muhtar Ablýazow

Russiýanyň sudy Gazagystanyň BTA bankynyň gaçgaklykdaky öňki başlygy we oppozisiýa syýasatçysy Muhtar Ablýazowy ogurlyk aýyplamalarynda gaýybana ýagdaýda 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ablýazow bu aýyplamalary ret edýär.

Moskwa Taganskiý etrap kazyýeti Ablýazowy, aýdylmagyna görä, 2006-2009-njy ýyllar aralygynda 58 milliard rubly (790 million dollar) ogurlamak baradaky jenaýat işinde günäli tapandan soň, 29-njy dekabrda höküm çykardy.

Bu iş boýunça günäkärlenýänleriň ýene dördüsi – BTA bankynyň öňki işgärleri – gaýybana ýagdaýda sud edildi we degişlilikde 10 ýyl bilen 13 ýyl aralygynda azatlykdan mahrum edildi.

Derňewçileriň bellemegine görä, Ablýazow Russiýada maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilen çylşyrymly shemalary işläp düzdi, bu bolsa oňa BTA bankyndan köp mukdarda maliýe serişdelerini ogurlamaga mümkinçilik döretdi.

2009-njy ýyldan bäri Ýewropada ýaşaýan Ablýazow şuňa meňzeş aýyplamalar bilen Gazagystan we Ukraina tarapyndan hem gözlenýär. Ol bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, ret edýär.

Fransiýa sürgün edilen oppozisiýa liderine 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda syýasy gaçybatalga berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG