Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus kompaniýasynyň öňki müdiri 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi


Karina Tsurkan

Moskwa şäher kazyýeti “Inter RAO” energiýa kompaniýasynyň öňki ýerine ýetiriji müdiri Karina Tsurkany Moldowa içalyçylyk etmek aýyplamalarynda günäli tapyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ol bu aýyplamalary ret edýär.

Kazyýet işiniň gizlin edilmegi sebäpli ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginden soň, Tsurkanyň aklawçylary – “ Team 29” hukuk toparynyň agzalary – bu karary şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

“Bu gün, şübhesiz, rus adalatynyň gara sahypasy hökmünde taryha girer. Bir bigünä adam – men sözlerime jogapkär – 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi” diýip, Tsurkanyň aklawçylarynyň biri Iwan Pawlow aýtdy.

Pawlow “Team 29” toparynyň Tsurkana garşy subutnamalary “düýpli seljerendigini” aýdyp, olaryň käbiriniň galplaşdyrylandygynyň kesgitlenendigini hem belledi.

Tsurkan 2019-njy ýylyň iýun aýynda Russiýanyň esasy howpsuzlyk gullugy FSB tarapyndan tussag edildi we ady aýdylmadyk daşary ýurda içalyçylyk etmekde aýyplandy. Tsurkan bu aýyplamalary “absurd, ýagny bolgusyz” diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG