Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýylyň Jemleri. Merkezi Aziýa 2020-nji ýylda: bäş döwletde alty prezident


Karta

2020-nji ýylda Merkezi Aziýanyň prezidentlerinden biri wezipesinden çekildi, beýlekiler şahsyýetini güýçlendirip ýa-da täsirini giňeldip, töwereginde dartgynly atmosfera döretdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlary ýylyň başyndan koronawirusa garşy göreşip başlasalar-da, wirusyň bardygy diňe mart aýynda ykrar edildi. Täjigistan owal başda ony ykrar etmekden ikirjiňledi. Türkmenistan henizem "koronawirus" sözüni ulanmazlyga synanyşýar. Gazagystan bilen Gyrgyzystan sebitde ilkinji bolup adatdan daşary ýagdaý yglan etseler-de, epidemiýa garşy göreşde görelde görkezip bilmediler.

RAHMON ÖZ «TYLYNY» BERKITDI

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon şu ýylky geçen saýlawlarda öz ygtyýarlygyny ýene ýedi ýyla uzaldyp bildi. Eger ol bu möhletiň ahyryna çenli saklanyp bilse, diňe bir Merkezi Aziýada däl, öňki Sowet Soýuzynda iň uzak möhlete oturan ýolbaşçy bolýar. "Milletiň lideri – parahatçylygy hem milli jebisligi esaslandyryjy" statusyna eýe bolany üçin, saýlawlara çäksiz gezek gatnaşyp biler. Şeýlelik bilen, Rahmon häkimiýet başynda bolmak rekordyny özgertjege meňzeýär.

Täjigistanda geçen parlament hem prezident saýlawlary ýene-de Rahmonyň şahsy bähbitlerine gönükdi. Günbatar ýurtlary bilen halkara guramalary Täjigistanda geçen saýlawlaryň demokratik ýörelgelere eýermeýändigini öň hem aýdypdylar.

Pandemiýa döwründe Merkezi Aziýada geçiriljek saýlawlaryň düzgüni bozmalar bilen utgaşjakdygyny syýasy bilermenler hem aýdypdylar. Rahmon şu ýylky saýlawlarda 91%-e golaý ses alyp, 5-nji gezek prezidentlige saýlandy. Öz gezeginde onuň ýolbaşçylyk edýän Halk-demokratik partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň köplügini aldy. Onuň ogly Rustam Emomali parlamentiň ýokarky öýüniň başlygy bolup, ýurduň ýolbaşçylaryndan ikinji adama öwrüldi.

Merkezi Aziýadan gidip Orsýetde işleýän zähmet migrantlaryna epidemiýa ýaramaz täsir etdi. Daşardan iberilýän pul serişdeleri örän azaldy. Täjigistanda içerki walýuta dolanyşygynyň 30%-ni düzýän daşardan gelýän puluň aprel-iýul aýlary aralygynda 50% aşaklandygy aýdyldy. Karantin çäreleri bilen baglanyşykly işini ýitirip, Orsýetden dolanyp gelen migrantlar hem goşmaça kynçylyklary döretdiler.

JEENBEKOW GÖREŞDEN ÇYKDY

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow 4-nji oktýabrda geçen parlament saýlawlaryndan soň dörän tolgunyşyk sebäpli işden çekilýändigini mälim etdi. Bu garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ol hökümeti tabşyrmazdan öň, wezipeden çekilmäge taýýardygyny aýtdy hem «ýagdaýy kadalaşdyrmaga ýardam berjekdigini» bildirdi.

Möhletinden öň wezipeden çekilen Jeenbekowa eks-prezident statusy berildi. Gyrgyzystanyň kanunçylygyna görä, öňki prezident syýasy ýa-da ýörite hökümet wezipelerini alyp bilmeýär. Şeýle hem eks-prezidente partiýanyň ýolbaşçy wezipesine saýlanmak gadagan. Bu talaplar bozulan ýagdaýynda, özüne berlen ähli kepilliklerden, şeýle hem respublikan býujetiniň hasabyna berilýän maddy we beýleki goldawlardan kesilýär.

Jeenbekow Gyrgyzystanyň ikinji eks-prezidentidir. Ondan öň eks-prezidentlik derejesi Roza Otunbaýewa berlipdi. Gyrgyzystanyň beýleki üç prezidenti bolsa öz jenaýat işleri sebäpli, ol statusdan hem eldegrilmezlik derejesinden mahrum boldular.

Jeenbekowyň ornuny eýelän Sadyr Žaparow premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji hem-de prezident hökmünde häkimiýeti dolandyryjy boldy. Oktýabr aýyndan bäri ýurtda konstitusiýa üýtgetmeler girizmek hem-de hökümetiň görnüşini üýtgetmek boýunça referendum geçirmek maslahat edilýär. Prezident saýlawlary parlament saýlawlaryndan has ir geçiriler. Saýlawlar we sala salşyk 10-njy ýanwarda geçirilmeli.

BERDIMUHAMEDOW ÝENE-DE KONSTITUSIÝANY ÜÝTGETDI

Türkmenistanda 2020-nji ýylda Konstitusiýa ýene-de üýtgeşme girizildi. Täze düzedişe görä, Milli Geňeş – Halk Maslahaty parlamentiň ýokarky öýi bolar, aşaky öýi bolsa mejlis düzýär. Prezidentiň näsaglan ýa-da ýogalan pursadynda, onuň wezipesi Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär. Girizilen üýtgeşmä görä, ýurduň öňki prezidenti Halk Maslahatynyň ömürlik agzasy bolup bilýär. Şeýlelikde, türkmenistanyň 2-nji prezidenti bolan Berdimuhamedow ýurduň konstitusiýasyna üçünji gezek üýtgeşme girizdi.

Türkmenistanyň keselhanalary näsaglardan hyryn-dykyn doly bolsa-da, koronawirusdan ölenler barada hiç zat aýdylmaýar. Üstesine, medisina işgärleriniň özleri-de häli-şindi keselhana düşýärler. Soňky döwürde bolsa mugallymlar hem okuwçylar keselleýärler.

Koronawirus ýok diýilýän ýurtda Türkiýäniň ilçisi ýogaldy. Beýik Britaniýanyň ilçisi saglygyny bejerdýän wagtynda koronawirusy başdan geçirendigini aýtsa-da, koronawirusyň nirede ýokuşandygyny takyklamady.

Soňky üç-dört ýylyň dowamynda ykdysady hem sosial ýagdaýy ýaramazlaşyp barýan Türkmenistanda, öň görülmedik ýagdaý – 2020-nji ýylda halkyň närazylyk protestleri başlandy.

Ýazda bolup geçen güýçli harasat-tutan barada ýurtda hiç bir informasiýa berilmedi. Tupan zerarly gaty köp jaýlar weýran boldy, etraplarda elektrik üpjünçiligi kesildi.

MIRZIÝAÝEW ÝEWROPA BILELEŞIGINE TARAP ÄDIM ÄTDI

2020-nji ýylda Özbegistanyň ikinji prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň wezipä geçenine dört ýyl doldy. Ýanwar aýynda Özbegistanyň parlamentiniň aşaky öýüne saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi. Onuň netijeleri hökümeti dolandyrýan partiýanyň üstünlik gazanandygyny görkezdi.

Bilermenleriň pikirine görä, Daşkent sebitdäki beýleki döwletlere garanda, koronawirus pandemiýasyna garşy has aktiw göreş alyp bardy, mundan daşary goňşy döwletlere-de ynsanperwer ýardamlaryny iberdi. Özbegistan gaz bilen baglanyşykly kynçylyklary aradan aýyrmaga hem goňşy döwletler bilen gatnaşygyny giňeltmäge çalyşýar.

Şu ýyl Özbegistan Kuba bilen bilelikde Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine synçy boldular. Mirziýaýew Russiýa tarapdar bileleşik bilen "ýakyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine uly ähmiýet berýändigini" aýtdy.

Şeýle-de bolsa, Özbegistanda Russiýa tarapyndan gurulmaly Atom Elektrik stansiýasynyň işi 2018-nji ýyldan bäri aýdylyp gelinse-de, entek hiç bir şertnama gol çekilenok. Özbegistan muňa özüniň şindi taýýar däldigini, ýöne onuň maslahat edilýändigini aýdýar. AES-i Gazagystan bilen serhetde ýerleşýän Tuzkan kölüniň ýakasyndan gurmagy planlaşdyrýarlar. Muňa degişli Özbegistanda hem-de Gazagystanda pikirleriň soraljakdygyny-da mälim edýärler. Ýöne 2020-nji ýylda ol gürrüň gozgalmady.

Özbegistanyň Sardoba suw howdanynyň ýykylmagy bilen ol ýerde hem Gazagystanda heläkçilik emele geldi. Resmi maglumata görä, Özbegistanyň alty raýaty suw joşgunyndan heläk boldy. Heläk bolanlaryň hem öýi-jaýy ýumrulanlaryň birnäçesi häzire çenli-de döwletden ýitginiň öwezini alyp bilmän gelýärler. Özbegistanyň sudy bendiň ýykylmagy bilen baglanyşykly jenaýat işine garady. Suw joşgunyndan Gazagystanyň bäş obasyny suw basdy hem 900 çemesi jaýyň ýumrulandygy aýdyldy.

Şu ýylda Özbegistanda ilkinji gezek Andijanda bolan heläkçilik – parahat ilatyň oka tutulandygy boýun alyndy. Mundan öň resmiler parahat ilaty hökümet güýçleri däl-de, eýsem «ýaragly terroristler» oka tutdular diýip geldiler. Muňa garamazdan, Daşkent entek ol iş barada garaşsyz derňewleriň geçirilmegine razylyk berenok. Resmi maglumata görä, Andijanda 2005-nji ýylda 187 adam heläk bolupdy. Şol wakadan soň «Akramiýa» dini toparyň agzalary tussag edilip başlandy.

Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary ýylyň başynda geçýän bolsa, Özbegistanda ýylyň aýagyna prezidentlik saýlawlary geçiriler. Gyrgyzystandan tapawutlylykda, Özbegistanda döwletiň başyna täze bir adamyň gelerine garaşmak mümkin däl. Bu Mirziýaýew üçin ikinji saýlaw bolar. Häzirki kanuna laýyklykda, Özbegistanda bir adam bäş ýyllyk möhlet bilen diňe iki gezek prezidentlik saýlawyna dalaşgär bolup bilýär.

NAZARBAÝEWIŇ 80 ÝAŞY ONUŇ MAŞGALASYNDAKY DAWALARYŇ ARASYNDA BELLENDI

Şu ýyl 80 ýaşy dolan Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew şindizem «Nur Otan» partiýasynyň başlygy bolup durýar hem Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik ýolbaşçysydyr. 2019-njy ýylyň martynda wezipeden çekilse-de, ol döwletiň ähli ugurlarynda ýokary täsir güýjüni saklap galýar. Şu ýylky geçen köpçülikleýin protestlerde halk Nazarbaýewden närazylygyny açyk aýtdy.

2020-nji ýylyň iýun aýynda onda koronawirus alamatynyň bardygyny aýtdylar. Nazarbaýewiň doglan gününiň öň ýanynda bolsa, onuň şanyna Nur-Sultan şäherindäki Milli goranmak uniwersitetiniň alnynda, ýene bir ýadygärligini açdylar. Mundan daşary-da, paýtagtda Nazarbaýewiň ýene bir muzeýi döredildi.

6-njy iýulda Gazagystanyň paýtagtynda jemgyýetçiligiň närazylygyna hem-de koronawirus epidemiýasynyň öjügendigine garamazdan, feýerwerkler atyldy. Ilata bolsa derman serişdeleri elýeterli däldi, keselhanalar näsaglardan doludy hem medisina enjamlary ýetmezçilik edýärdi. Dabaraly feýerwerklerden närazy bolan ilat 6-njy iýuly koronawirusdan wepat bolanlaryň «Matam güni» diýip atlandyrdy. Şondan soň hökümetler 13-nji iýuly Matam güni diýip yglan etdi.

Awgust aýynda Nazarbaýew agtygy Aýsultany ýitirdi. Aýsultanyň ölüminden öň onuň ýaýradan dawaly çykyşlary, Angliýadan syýasy gaçybatalga soramagy köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Ol ölenden soň, Nazarbaýewiň töweregindäkileriň dawa-jenjelleri dowam etdi. Günbatar habar beriş serişdeleri Nazarbaýewiň giýewi Timur Kulibaýewiň gaz söwdasynyň «gaýmagyny» alýandygyny mälim etdiler. Kulibaýew Gazagystanyň Baş prokuraturasyna Financial Times gazetindäki maglumatlary barlamak üçin, şikaýat bilen ýüz tutdy.

Hut Nazarbaýewiň agtygy Aýsultanyň aýdan sözleri Nazarbaýewler maşgala korrupsiýa halkasynyň paş edilmegine sebäp boldy.

Noýabr aýynda Nazarbaýewiň iň ýakyn egindeşlerinden biri Bulat Utemuratowyň 5 milliard dollarlyk emlägi Iňlis kazyýeti tarapyndan doňduryldy. Emma soňra çäklendirmeler azaldyldy. Nazarbaýewiň prezident bolan ýyllarynda Utemuratow onuň kömekçisi, soň bolsa geňeşçisi bolupdy.

Şu ýyl Londonyň Ýokary kazyýeti gelip çykyşy nämälim bolan gozganmaýan üç baýlyga girizilen gadagançylygy ýatyrdy. Örän ýokary baha durýan ol gozganmaýan emläkleri Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa satyn alypdy.

SYÝASATYŇ ELDEN-ELE GEÇMEGI TOKAÝEWE REFORMA GEÇIRMÄGE PÄSGEL BERÝÄR

Kasym-Žomart Tokaýewiň prezidentliginiň ikinji ýyly geçip barsa-da, onuň öňe süren şygary – öňki gowy düzgünleri dowam etdirmek, reformalar geçirmek, saýlawlar, syýasy partiýalar we parahatçylykly ýörişler baradaky kanunlara üýtgetmeler girizmek çagyryşynyň hiç biri amala aşmady, ýurtda ýekeje-de täze syýasy partiýa hasaba alynmady. Diňe 10-njy ýanwarda geçjek parlament saýlawlara gatnaşmak üçin, käbir partiýalar öz atlaryny üýtgetdiler.

Tokaýewiň döwlet başyna geleli bäri ýurtda syýasy garşy durma çäreleri güýçlenip başlandy. Ýurtda adatdan daşary ýagdaý wagtynda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly yglan edilen ýeňillikleriň tölenmezligi dawa öwrüldi. Pandemiýa garşy göreşmek üçin döredilen komissiýalar koronawirusly ýagdaýy kadalaşdyrmak wezipelerini çözüp bilmediler. Hökümetiň çaklamasy hakyky ýagdaýdan düýpgöter tapawutly boldy.

Protestler geçirilen wagtynda tussag edilenler boldy, ýöne soňraky ýygnaklarda howpsuzlyk güýçleri parahat ilata çemeleşmesini üýtgetdiler. Käte aktiwistler ýygnanyşykdan öň tussag edilýär. Mitinglere gatnaşyjylar adatça öz töweregini gurşadylar, şondan soň aktiwistler gözegçilik astynda saklandylar. Şeýlelik bilen, olara garşy dürli basyşlar dowam edýär.

Tokaýew "döwlet bolýan ýagdaýy eşidip durýar" diýen ýörelgäni öňe sürse-de, öňki uzaga çeken ýagdaý dowam edýär hem üýtgeýän zat ýok. Täze kadrlar – dolandyryjy bilermenler öňe çykmaýar. Kordaýda ýüze çykan milletara çaknyşyklar netijesinde 11 adam öldi, müňlerçe adam Gyrgyzystana gaçyp geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG