Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň premýer-ministri Mişustin Aşgabada sapar eder


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin. Aşgabat. Ýanwar, 2023 ý.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin. Aşgabat. Ýanwar, 2023 ý.

Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin 24-nji maýda Aşgabada sapar eder. Bu barada ýarym-resmi türkmen onlaýn neşirleri Russiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Mişustin Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Bu Mişustiniň 10-njy maýda Russiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, onuň daşary ýurda amala aşyrjak ilkinji sapary bolup biler.

Maglumatda mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar diýilýär.

Russiýanyň TASS habarlar gullugynyň ýazmgyna görä, mejlisiň dowamynda GDA-nyň çägindäki söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine, şeýle-de energetika we transport, ekologiýa ýaly ugurlaryň taslama dokumentlerine garalar.

Mişustin soňky sapar Aşgabada 2023-nji ýylyň ýanwarynda, Türkmenistan-Russiýa biznes-forumyna gatnaşmak üçin gelipdi.

XS
SM
MD
LG