Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan ýigrimi ýyla golaý doňduran ölüm jezasyny ýatyrdy


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ildeşlerini Täze ýyl bilen gutlaýar.

Gazagystan ýigrimi ýyla golaý doňduryp saklan ölüm jezasyny resmi taýdan ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu habar 2-nji ýanwarda, prezidentiň web sahypasynda çap edilen beýanatda yglan edildi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamasynyň Ikinji goşmaçasynyň parlament tassyklamasyna, gol çeken taraplary ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna borçly edýän dokumente gol çekdi diýip, beýanatda aýdylýar.

Gazagystan 2003-nji ýylda ölüm jezasyna belli bir möhlet goýmazdan moratoriýa girizdi, emma terrorçylyk bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin ölüm jezasyny saklady.

2016-njy ýylda Almatyda köpçüligi oka tutmakda günäkärlenen adama ölüm jezasy berildi.

Ruslan Kulikbaýew Gazagystanda ölüm jezasyna höküm edilen ýeke-täk adamdy. Indi ol ömürlik türmede oturar.

Tokaýew 2019-njy ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde eden çykyşynda öz ýurdunyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagy baradaky protokola goşuljakdygyny mälim etdi.

Russiýa, Täjigistan we Belarus häzirki wagtda Ýewropada we Merkezi Aziýada ikinji goşmaça protokola gol çekmedik ýa-da ony tassyklamadyk üç ýurt bolup galýar. Belarus sebitde henizem ölüm jezasyny amala aşyrýan ýeke-täk ýurt bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG