Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri Oş sebitinde planlaşdyrylan hüjümiň öňüni alandygyny aýdýar


Bezeg suraty

Gyrgyzystanyň Oş sebitinde bir raýat terrorçylyk hüjümini taýýarlamakda güman edilip, tussag astyna alyndy. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy ýurduň Milli howpsuzlyk komitetine salgylanyp, bu raýatyň 1998-nji ýylda doglan ýaş adamdygyny habar berýär.

Derňew maglumatlaryna laýyklykda, tussag edilen erkek halkara terrorçylyk guramasynyň agzasy bolup, baştutanlary oňa sebitiň harby bölümleriniň birine terrorçylykly hüjüm etmek üçin partlaýjy enjam ýasamagy buýrupdyr.

Tutulan adamyň ýaşaýan ýerinde geçirilen gözleg-agtaryş wagtynda bir topar harby-söweş enjamy we daşary ýurt dilinde ýazylan listowkalar tapyldy.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti bu terror hüjüminiň öňüni goňşy ýurtlaryň biriniň ýörite gulluklary bilen işleşmek netijesinde alandygyny aýtdy.

Kazyýet seljerişliginden öňki işi Jenaýat kodeksiniň 239-njy maddasyna (“Terrorçylyk kanuny”) laýyklykda alnyp barylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG