Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nýu-Ýorkdaky gazna biržasy üç hytaý operatoryny sanawdan çykarýar


Nýu-Ýorkdaky gazna biržasynyň täjirleri

Nýu-Ýorkdaky gazna biržasy Hytaýyň üç sany aragatnaşyk kompaniýasynyň gymmatly kagyzlaryny aýyrmak prosesine başlady. Biržanyň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, “China Telecom”, “China Mobile Ltd” we “China Unicom” (Hoňkoň) emitentleri indiden beýläk sanawa girizilmeýär.

Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň karary esasynda edilen iş bolup durýar. Gelnen karara laýyklykda, Hytaýyň harby güýçleriniň gözegçiligi astyndaky hytaý firmalaryna amerikan maýa goýumlary 11-nji ýanwardan başlap gadagan edilýär.

Bu üç kompaniýa esasy girdejisini Hytaýdan alýar we ABŞ bilen uly baglanyşygy ýok.

ABŞ-nyň gazna bazarlarynda 200-den gowrak hytaý kompaniýasy hasaba alyndy we olaryň umumy kapital bahasy 2 trillion dollardan gowrak bolan sermaýasy bar.

Waşington bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagy bilen Hytaýyň köp kompaniýasy Hytaýyň özünde we Hoňkoňda goşa sanaw gözläp başlady.

Tramp geçen tomusda ABŞ raýatlarynyň Hytaýyň “TikTok” wideo hyzmatynyň we “WeChat” çaparynyň eýeleri bilen şertnama baglaşmagyny gadagan etdi.

Waşington olaryň ABŞ-a gelýän hytaý raýatlary barada şahsy we eýeçilik maglumatlaryny toplaýandygyny aýdýar.

Soň ol maglumatlar içalyçylyk maksady bilen Pekine geçirilýär.

Kompaniýalar bu aýdylýanlary ret etdiler. Hytaýyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň kararynyň bazara we halkara söwda düzgünlerine ters gelýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG