Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Üç ýyla çeken arakesmeden soň, Saud Arabystany öz howa giňişligini Katara gaýtadan açýar


Saud Arabystanynyň täç geýen şazadasy Mohammad bin Salman (sagda) bilen Katar wekili Şeýh Abdullah bin Jassim Al-Tani Jidde şäherinde duşuşýar. Arhiw suraty. 16-njy awgust, 2017 ý.

Goňşularyň arasynda üç ýyldan gowrak wagt dowam eden arakesmeden soň, Saud Arabystany 4-nji ýanwardan başlap, öz howa giňişligini we serhetlerini Katara gaýtadan açýar diýip, Kuweýtiň daşary işler ministri aýtdy.

2017-nji ýylyň ortalarynda Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn we Müsür Katar bilen söwda, syýahat we diplomatik gatnaşyklary bes etdi. Olar ýurdy terrorçylyga hemaýat etmekde aýyplady. Doha bu aýyplamalary ret edýär.

Dört ýurt blokadanyň aradan aýrylmagy üçin Dohadan 13 talabyň ýerine ýetirilmegini talap etdi. Olaryň arasynda Al Jazira telekanalyny ýapmak, türk harby bazasyny ýapmak, Musulman doganlar bilen gatnaşyklary kesmek we Eýran bilen az gatnaşmak ýaly talaplar bar.

Birleşen Ştatlary we Kuweýt bu düşünişmezligiň soňuna çykmaga çalyşýardy. Olar oňşuksyzlygyň 2019-njy ýylda Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän desgalaryna hüjüm etmekde aýyplanýan Eýranyň öňüne geçmek üçin zerur bolan agzybirligi gowşadýandygyny aýdýarlar.

ABŞ resmileri 5-nji ýanwarda Saud Arabystanynda geçiriljek gol çekmek dabarasyna gatnaşarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG