Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni prezidenti koronawirusa ýolugdy


Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan
Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan

Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýanyň, Londona edýän saparynyň çäklerinde, koronawirusa ýolugandygy anyklandy.

67 ýaşly Sarkisýan Britaniýanyň paýtagtyna aýagynda geçirilmeli operasiýa üçin sapar edipdi. Ermenistanyň habar serişdeleriniň 5-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Sarkisýanda ol ýerde koronaiwirus alamatlary ýüze çykypdyr.

Maglumatlara görä, Sarkisýan özüni üzňeleşdirip, işlemegini dowam etdirýär.

Londonda COVID-19 bilen keselleýänleriň sany gürelýär. Bu britan paýtagtynda we Angliýanyň günorta sebitlerinde koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän täze ştammynyň ýaýramagynyň arasynda bolup geçýär.

Britan premýer-ministri Boris Jonson, wirusyň ýaýramak gerimini gowşatmak maksady bilen, 4-nji ýanwarda Angliýada nobatdaky petiklenme çärelerini yglan edipdi.

Geçen ýyl Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan hem koronawirus bilen keselläpdi.

Ermenistanda koronawirusa 160 müň adam ýolugdy, şeýle-de wirus sebäpli 2 müň 800 adam öldi.

XS
SM
MD
LG