Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dynç alyşlardan soň wirus ýokuşýan köpelýär, ABŞ-da gündelik ölüm ýokary derejä çykdy


Nýu-Ýok. Baýrmaçylyk pursatlary
Nýu-Ýok. Baýrmaçylyk pursatlary

Kristmas we Täze ýyl baýramçylyklaryndan soň wirus ýokuşýanlaryň sanynyň köpelmegi bilen, Birleşen Ştatlarda COVID-19-dan ölýänleriň gündelik sany 4 müňe golaýlady we 7-nji ýanwarda 250 müňden gowrak täze ýokuşma hasaba alyndy.

ABŞ-da keselçiligiň iň agyr zarba uran ştaty Kaliforniýa bolmagynda galýar, saglyk edaralary 7-nji ýanwarda bu sebitde 583 sany täze ölümiň hasaba alnandygyny habar berdiler. Iki günde jemi 1042 adam öldi.

Döwlet morg hökmünde ulanmak üçin 88 sowadyjyly ýük awtoulaglaryny işe girizdi.

Meksika we Braziliýa ýokuşmalaryň we ölýän adamlaryň sanynyň ýokarlanýan ýurtlary bolmagynda galýar.

Meksikanyň Saglyk ministrligi 7-nji ýanwarda ýurtda bir günde 13,734 adama wirus ýokuşandygyny, 1044 adamyň koronawirusdan ölendigini habar berdi.

Saglyk ministrliginiň habaryna görä, 7-nji ýanwarda Braziliýada ölenleriň sany 200 müňden geçdi. Gündelik täze ýagdaýlar ýylyň ahyryndaky dynç alyşdan soň 87,843-e ýetdi.

Jon Hopkins uniwersitetiniň beren habaryna görä, dünýäde koronawirus pandemiýasy döwründe 88 million adama wirus ýokuşdy, 1,9 million adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG