Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kapitol binasyndaky çaknyşyklarda 50-den gowrak polisiýa işgäri ýaralandy


6-nji ýanwar. Kapitol binasy
6-nji ýanwar. Kapitol binasy

Waşingtonda 6-njy ýanwarda bolan bidüzgünçilikler mahalynda, prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň bir toparynyň Kapitol binasyna girip, Kongresiň işini bökdemegi bilen, 50-den gowrak polisiýa işgäri ýaralandy. Olaryň käbiri keselhana ýerleşdirildi diýip, Kapitol polisiýasynyň müdiri Stiwen Sand dördünji gün aýtdy.

Kommentatorlaryň köpüsi ABŞ Kongresiniň binasynyň howpsuzlygyny üpjün edýän özbaşdak polisiýa bölümini, Kapitol polisiýasyny binany eýelemek üçin edilen synanyşyk wagtynda ýeterlik çäre görmezlikde tankytlady.

Polisiýa başlygynyň beýanatynda bina zabt edip giren adamlaryň özlerini gaharly alyp barandyklary, ýarag hökmünde demir taýaklary we gaz pürkmegi ulanandyklary aýdylýar.

Beýanatda demonstrantlaryň biriniň heläk bolşy barada hem durlup geçirlýär.

Bir topar gaharly adam Wekiller öýüniň mejlis otagyna girmäge synanyşanda, Kapitol binasynyň polisiýa işgäri tarapyndan ot açyldy. Bu ofiser derňew tamamlanýança işden çetleşdirildi.

Şeýle-de, beýanatda Kapitol binasynyň golaýynda iki sany partlaýjy enjamyň tapylandygy aýdylýar. Olary bu ýerde kimiň goýandygy entek belli däl.

Kapitol polisiýasy Kongres binasyna edilen hüjüme gatnaşanlaryň 13 sanysyny tussag etdi, Waşington polisiýasy bir gün öň 68 adamy tussag etdi. Olar esasan ABŞ-nyň paýtagtynda girizilen komendant sagadynyň düzgünlerini bozmakda aýyplanyp saklandy.

Kommentatorlaryň käbiri, şol sanda syýasatçylar Kapitol binasyndaky wakalary "gozgalaň", "terrorçylyk" ýa-da "döwlete dönüklik" diýip atlandyrdy, ýöne heniz bu jenaýatlar esasynda aýyp bildirilen adam ýok.

XS
SM
MD
LG